Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sport başlygyna käýinç berildi


Türkmenabatly ýaş futbolçylar
Türkmenabatly ýaş futbolçylar
TDH 21-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sport baradaky döwlet komitetiniň işinden örän nägile bolandygyny ýazýar.

Habarda aýdylmagyna görä, häzirki wagtda Sport baradaky döwlet komitetiniň ulgamynda jemi 214 sany sport edarasy we guramasy işleýär, ýurtda sportyň 47 görnüşi hereket edýär, sportyň dürli görnüşleri boýunça 280-den gowrak milli derejeli emin bar.

Prezident Berdimuhamedow Sport baradaky komitetiň başlygy Batyr Orazowyň öz ýolbaşçylyk edýän pudagynda edilýän işler barada beren hasabatyny diňläp, etraplarda sport mekdeplerini gurmak üçin ägirt uly serişdeleriň harç edilýändigini aýtdy.

Ýöne prezident bu sport mekdepleriniň talaba laýyk işlemeýändigini, olaryň käbirinde sport enjamlarynyň ýetmezçilik edýändigini, şeýle-de olarda başga kemçilikleriň hem az däldigini belledi.

«Ýöne esasy zat, bu sport mekdepleriniň köpüsinde mugallymlar, ýokary taýýarlykly hünärmenler ýetmezçilik edýär. Hünärmenler ýeterlik bolmasa, onda ýaş türgenleri taýýarlamak meselesiniň üstünlikli çözülmejekdigi hemmeler üçin düşnüklidir» diýip, prezident aýtdy.

Berdimuhamedow Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Orazowa ýüzlenip, onuň öz ýolbaşçylyk edýän pudagyndaky kemçiliklerden habarlydygyny, emma olary düzetmek boýunça zerur işleri geçirmeýändigini aýtdy.

Şeýle-de prezident onuň sport mekdepleriniň işini talaba laýyk guramak boýunça hiç hili teklip bermändigini belledi.

Prezident bu emele gelen ýagdaý netijesinde, Oba milli maksatnamasynyň sport mekdeplerini we sport desgalaryny gurmak bilen bagly bölümlerine üýtgetmeler girizmek baradaky karara gol çekýändigini habar berdi.

Bu karar esasynda sport mekdeplerini gurmak boýunça alnyp barylýan işler wagtlaýyn togtadylýar, emma geljekde orta mekdepleriň ählisinde, sporty ösdürmek maksatlary göz öňünde tutulyp, döwrebap sport zallaryny we we sport meýdanlaryny gurmaga aýratyn üns berler.

Prezident Berdimuhamedow Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Orazowa işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etmek bilen, eger bu kemçilikler gysga wagtda düzedilmese, ony işden boşatjagyny hem duýdurdy.
XS
SM
MD
LG