Sepleriň elýeterliligi

Eýran 7 hepdede 80 adamy öldürdi


BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Eýranda şu ýyl jeza berlip öldürilýän adamlaryň sanynyň ýokarlanmagyndan çuň alada bildirdi.

Adam hukuklary guramasy Eýranda ýedi hepde çemesi wagtda azyndan 80 adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini aýtdy.

Jezalandyrylanlaryň aglabasy neşe maddalary bilen bagly jenaýatlarda günäli tapylan adamlar. Adam hukuklary guramasy neşe bilen bagly jenaýatlaryň, halkara kanunçylygy esasynda, ölüm jezasy berilýän iň agyr jenaýat hasaplanmaýandygyny aýtdy.

BMG-niň adam hukuklary guramasy esasan Hadi Raşedi bilen Haşem Şabani Amoriniň jezalandyrylyp öldürilmeginden köp alada galandygyny aýtdy.

Eýranyň Ahwaz arap jemgyýetine degişli bolan bu iki adam «hudaýa duşmançylykda» günäli tapyldy we Eýranyň milli howpsuzlygyna wehim salmakda aýyplandy.

Geçen ýyl Eýran azyndan 500 adamy jezalandyryp öldürdi.
XS
SM
MD
LG