Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: blogçy başbozar hasaplandy


Gazak bloggeri başbozarlyk aýyplamalary esasynda 15 günlük türmä basyldy.

Dmitriý Şçyolokow anna güni Azatlyk radiosyna telefon edip, blogçy ýoldaşy Andreý Sukanowa goldaw bildirmek üçin suda gelende, özüniň hem tussag edilendigini aýtdy.

Sukanow başga bir iş boýunça 15 günlük türmä basyldy. Şçyolokow we beýleki iki blogçy, Rinat Kibraýew, Nuraly Aýtelenow penşenbe güni, Almatynyň şäher häkiminiň ilat bilen ýyllyk duşuşygyna gatnaşmak niýetlerini aýdanlaryndan soň, birnäçe sagat tussagda saklandy.

Şu aýyň başynda bu üç blogçy 10 gün tussag edilipdi. Şonda olar Almatynyň häkimi bilen gazak blogçylarynyň duşuşygyna goýberilmändikleri üçin protest bildiripdiler.
XS
SM
MD
LG