Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa Ýanukowiçi çetleşdirmäge çagyrýar


Ukrain parlamentiniň deputatlary Kiýewde ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň türmeden boşadylmagyny sese goýdular. 322 deputat onuň boşadylmagy üçin ses berdi.

Ukrainanyň oppozisiýa lideri Witaliý Kliçko ýurduň parlamenti prezidenit Wiktor Ýanukowiçi işden çetleşdirmeli we 2014-nji ýylyň 25-nji maýyndan gijikmän irki prezident saýlawlarynyň geçirilmegini bellemeli diýdi.

Kliçko şenbe güni parlamente «Ýanukowiç paýtagtdan gitdi we şu gün parlament ýurtdaky ýeke-täk kanuny häkimiýet» diýdi.

Metbugat habarlarynda şenbe güni 13 deputatyň Ýanukowiçiň Regionlar partiýasy fraksiýasyndan çykandygy aýdylýar.

Biraz öň hökümete tarapdar parlament spikeri Wolodimir Rybak, saglyk ýagdaýym sebäpli diýip, işden çekildi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti prezident Wiktor Ýanukowiçiň Kiýewden ýurduň günortasyndaky Harkow şäherine, öz häkimiýetiniň esasy daýanýan ýerine maslahatlaşmaga gidendigini aýdýar.

Ukrainanyň metbugat serişdeleri Ýanukowiçiň şenbe güni Bütinukrain jemgyýetçilik birleşigi bolan Ukrain fronty bilen, onuň regionlar partiýasyna goşulan topar bilen duşuşmakçydygyny ýazýar.
XS
SM
MD
LG