Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç işden boşadyldy, Timoşenko azat edildi


Ukrainanyň parlamenti prezident Wiktor Ýanukowiçi işden boşatmagy sese goýdy, ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko bolsa türmeden azat edildi.

Kanunçykaryjylar şenbe güni irki prezident saýlawlaryny 25-nji maýda geçirmeli etdiler. Olar Ýanukowiçiň öz prezidentlik wezipe-borçlaryny dogry-düzüw ýerine ýetirmegi başarmandygyny aýtdylar.

Prezident Wiktor Ýanukowiç Ukrainada bolup geçýän zatlary «wandalizm, garakçylyk we döwlet agdarylyşygy» diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de ol özüniň işden çekilmegi planlaşdyrmaýandygyny aýtdy.

Ýanukowiç bu sözleri şenbe güni UBR-de, Ukrainanyň günorta şäheri Harkowda ýerleşýän stansiýada ýazgy edilen interwýusynda aýtdy.

Ýanukowiç özüniň «kanun esasynda saýlanan prezidentdigini» we Ukrainany terk etmejekdigini aýtdy.

"Olar olary (resmileri, onuň tarapdarlaryny) öýlerinde, işleýän ýerlerinde, ýollarda hem yzarlaýarlar. Men öz golaýymdaky adamlaryň ganlarynyň dökülmeginiň öňüni almak üçin elde barymy edýärin."

Ýanukowiç parlament tarapyndan kabul edilen ähli kararlaryň bikanundygyny aýtdy.

Ol Wolodimir Rybakowyň parlament spikerliginden işden çekileninden soň urlup-ýenjilendigini we bejergi almagy üçin Doneskä iberilendigini aýtdy.

Bu sözler hökümete garşy protestçiler Kiýewde prezident adminstrasiýasynyň edarasyny eýelänlerinden soň aýdyldy.

Kanunçykarajylar türmä basylan ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkony azat etmek üçin ses berdiler, onuň ýaranlary Arsen Awakowy içeri işler ministri, Oleksandr Turçynowy bolsa parlament spikeri wezipesine saýladylar. Turçynow parlamente şeýle diýdi:

"Ukrainadaky [täze] häkimiýetler işe başlaýar, olar Ukrainany ýene durnukly ýurda öwürmek üçin öz işlerine başlaýarlar. Ukrainadaky häkimiýetiň merkezi şu ýerde, Ukrainanyň parlamentinde."

Şeýle-de parlament baş prokuror Wikto Pşonka ynam bildirmezlik baradaky kanun taslamasyny tassyk etdi.

Fotosergi: Ukrainada ýas, argynlyk, ýeňiş pursatlary

Ýurduň harbylarynyň baş ştabynyň ýaýradan beýanatynda bolsa şeýle diýilýär: "Ukrainanyň Ýaragly güýçleri özleriniň konstitusion borçlaryna wepaly we içerki syýasy konflikte çekilip bilinmez."

Bu beýanat Içeri işler ministrligi özüniň Ukrain halky bilen bir-bitewidigini yglan edip, «jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmek üçin bilelikde tagalla etmäge «çagyranyndan birnäçe sagat soň ýaýradyldy.

Şu arada, Ýanukowiçiň Regionlar partiýasynyň resmileri Ukrainanyň günorta şäherinde, Harkowda duşuşdylar.

Olaryň kararynda bütin ýurduň ýerli hökümetleri, konstitusiýa düzgüni we kanunçylyk dikeldilýänçä, konstitusiýa düzgünini, kanunçylygy, raýatlaryň hukuklaryny we öz territoriýalaryndaky howpsuzlyklaryny gorap saklamak boýunça jogapkärçiligi öz üstlerine almaga çagyrylýar.

Ýanukowiç we oppozisiýa liderleri anna güni ýurduň 2004-nji ýyldaky konstitusiýasyny dikeltmek barada ylalaşyga gol çekdiler, bitewi milli hökümetiň gurulmagyna, ýyl ahyryndan öň irki prezident saýlawlarynyň geçirilmegine çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG