Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Parlament prezidentiň wezipesini spikere berdi


Ukrain parlamenti 23-nju fewarlda prezidentiň wezipe-borçlaryny wagtlaýyn parlament spikeri Oleksandr Turçinowa geçirmegi sese goýdy. Spikeriň orunbasary Ruslan Koşulinskiý bu teklibiň garşylyksyz kabul edilendigini aýtdy.

Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasyndaky hökümete garşy protestçileri, parlamentiň prezident W.Ýanukowiçi işden boşadandygyna we 25-nji maýda irki prezident saýlawlaryny geçirmegi belländigine garamazdan, öz protestlerini bes etmezlige çagyrdy.

Timoşenko, parlamentiň karary esasynda Harkowdaky türme hassahanasyndan boşadylanyndan soň, şenbe güni agşam merkezi Kiýewde ýygnanan müňlerçe protestçiniň öňünde çykyş etdi:

Ýuliýa Timoşenko, 22-nji fewral, 2014.

Ýuliýa Timoşenko, 22-nji fewral, 2014.

"Meniň ezizlerim, men siziň gözleriňizi görmegi arzuw edýärdim. Men siziň hemme zady üýtgeden kuwwatyňyzy duýmagy arzuw edýärdim. Men siziň her biriňize galtaşmagy, şeýdip şu pursatda size öz goldawymy berip bilmegi arzuw edýärdim. Siz gahrymanlarsyňyz. Siz Ukrainynyň iň gowularsyňyz!"

Maýyp arabasynda oturan ýerinden söz sözlän Timoşenko Ýanukowiçi we onuň ýaranlaryny geçen hepde Kiýewde protestçiler bilen ukrain howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda öldürilen 70-den gowrak protestçi üçin jogapkärçilige çekmäge çagyrdy:

"Men türmede oturan ýerimden siziň araňyzda doglup, siziň araňyzda ýaşamakdan uly bagtyň ýokdugy barada oýlandym. Sebäbi siz iň gowy adamlar. Emma biz ýene birnäçe möhüm işi etmeli. Birinjiden, biz Ýanukowiçi we onuň daşyna ýygnanan ähli hemşerilerini şu meýdança getirmeli."

Wideo: Krym sebitinde Orsýete tarapdar protestçiler bilen hökümete garşy aktiwistleriň arasynda çaknyşyk boldy:


Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasy Timoşenkonyň baş bäsdeşi bolan Ýanukowiçiň garşysyna geçirilen üç aýlyk protest hereketiniň merkezi boldy.

Kanunçykaryjylar şenbe güni, Ýanukowiçiň prezident hökmünde öz wezipe-borçlaryny dogry-düzüw ýerine ýetirmegi başarmandygyny aýdyp, 25-nji maýda irki prezident saýlawlaryny geçirmäge ses berdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG