Sepleriň elýeterliligi

Wenezuela: protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy


Wenezuelanyň oppozision protestçileri şenbe güni Karakasda, prezident Nikolos Maduranyň hökümetine garşy guralan uly demonstrasiýadan soň, pitnä garşy polisiýa bilen çaknyşdy.

Şenbe güni müňlerçe demonstrasiýaçy köçelere dökülip, Maduranyň işden çekilmegini talap etdi.

Hökümetiň tarapdarlary hem demonstrasiýa çykdylar. Agşamyň garaňkysy düşüp başlanda, protestçileriň käbiri polisiýa tarap daş zyňmaga başlady we polisiýa muňa göz ýaşardyjy gaz bilen gaýtargy berdi.

Soňky protest Wenezuelada syýasy ýowuzlyk esasynda ölen adamlaryň sanynyň 8-e ýetmegine gabat geldi.

Beýleki şäherlerde hem uly protestleriň geçirilendigi habar berildi. Maduro bu protestleriň planlaşdyrylýan döwlet agdarylyşygy üçin bir bahanadygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG