Sepleriň elýeterliligi

Türk polisiýasy protestçiler bilen çaknyşdy


Türk polisiýasy şenbe güni merkezi Stambulda premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň hökümeti tarapyndan internete girizilýän berk kontrolluga garşy protest bildirýän müňlerçe protestçini dargytmak üçin göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulandy.

Demonstrasiýaçylar biraz soň Stambulyň Taksim meýdançasynyň golaýynda gaýtadan toplandylar we Istiklal köçesinde, esasy söwda etrabynda barrikadalary gurup, zir-zibil gapyrjaklaryny oda berdiler.

Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül bu kanuna sişenbe güni gol çekip, häkimiýetlere ilki suduň kararyny almazdan internet websaýtlaryny petiklemek ygtyýaryny berdi.

Protestleriň dowam etmegine garaşylýar. Internet kanunynyň opponentleri Ankara we Izmir şäherlerindäki adamlary hem demonstrasiýa çykmaga çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG