Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ neşe lideriniň tutulmagyny gutlaýar


Birleşen Ştatlaryň baş prokurory Erik Holder Meksikada dünýäniň iň gözlenýän neşe lideriniň tussag edilmegi uly üstünlik diýdi.

Joakuin "El Çapo" Guzman şenbe güni, Meksikanyň kurort şäheri Mazatlanda tutuldy. Ol Meksikadaky türmä eltildi.

Ýöne ol Birleşen Ştatlarda hem köp sanly neşe gaçakçylygy aýyplmalarynda aýyplanýar.

Holder Sianalo neşe karteliniň buştutanynyň tussag edilmegi Birleşen Ştatlaryň we Meksikanyň raýatlarynyň ikisi üçin hem ýeňiş bolup durýar diýdi.

Ol Guzman dünýä ýüzünde millionlap adamyň ömrüne howp salýan jenaýatçylykly biznes işine, neşekeşligiň ýaýradylmagyna, korrupsiýa, zorluk-süteme ýolbaşçylyk etdi diýdi.

Birleşen Ştatlar Guzmanyň tutulmagyna kömek etjek maglumat üçin 5 million dollar baýrak goýupdy. Ol 2001-nji ýylda aňrybaş berk goragly türmeden ýuwulmaly eşikleriň arabasynda gaçyp gutulmagy başarandan soň, rowaýaty neşe liderine öwrülipdi.
XS
SM
MD
LG