Sepleriň elýeterliligi

«Talyban» tussag gepleşiklerinden çykýar


Owganystanyň «Talyban» hereketi özüniň ýekşenbe güni Kataryň araçylygynda ABŞ bilen tussag alyş-çalşygy barada alnyp barylýan gepleşiklerden çykmak kararyna gelendigini, sebäbi munuň «çylşyrymlylyklarynyň» kändigini aýtdy.

Talybanyň sözçüsi Zabihulla Majahid Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna iberilen beýanatda bu kararyň Owganystandaky häzirki syýasy krizisiň netijesidigini aýtdy. Waşington Birleşen Ştatlaryň goşun seržanty, «Talyban» tarapyndan 2009-njy ýylda Owganystanda ýesir alnan Bow Bergdahlyň deregine Guwatanamo Beý türmesinde saklanýan bäş sany «talyban» tussagyny boşatmagy teklip etdi.

Bergdahl häzir Pakistanda, Hakgani topary tarapyndan saklanylýandyr diýip pikir edilýär.

Talybanyň beýanaty Owganystanyň Ýokary parahatçylyk geňeşi özüniň şenbe güni Dubaýda talyban delegasiýasy bilen parahatçylyk gepleşikleri üçin duşuşandygyny aýdanyndan soň geldi.
XS
SM
MD
LG