Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam Timoşenkonyň boşadylmagyny gutlaýar


Ak tam Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň türmeden boşadylmagyny gutlady, «şu günki bolan zatlar ýurtdaky ýowuzlaşmany yza gaýtarmaga, konstitusion özgerişe, koalision hökümete we irki saýlawlara kömek edip biler» diýdi.

Ak tamyň şenbe güni çap eden beýanatynda Waşington öz ýaranlary bilen işleşer, Orsýet «güýçli, abadan, bitewi we demokratik Ukrainany goldar» diýilýär.

Orsýetiň daşary işler ministrligi biraz öň ukrain oppozisiýasyny «özüni ýaragly ekstremistlere we talaňçylara gowşurmak bilen, Ukrainanyň özbaşdaklygyna we konstitutsion düzgün-tertibine gönümel howp salmakda» aýyplapdy.

Fransiýa bilen Germaniýa Ukrainanyň hökümetini we oppozisiýasyny zorluk-sütemden saklanmaga hem-de anna güni ýurduň syýasy krizisini çözmek babatda baglaşylan ylalyşygy hormatlamaga çagyrdy.

Polşanyň daşary işler ministrligi Kiýewdäki wakalaryň döwlet agdarylyşygy bilen deňeçerdigi barada aýdylýanlary ret etdi.
XS
SM
MD
LG