Sepleriň elýeterliligi

Türkmen dili: Milli azlykda nädip saklanmaly?


Orsýetde ýaşaýan türkmenler. Moskwa, maý, 2013.

Orsýetde ýaşaýan türkmenler. Moskwa, maý, 2013.

21-nji fewralda halkara ene dili güni bellenilip geçildi. BMG tarapyndan ykrar edilen bu gün mynasybetli aýratynam azlykdaky milletleriň ene dillerine, olaryň ýitip gitmek howpuna üns berilýär.

Milli azlyklaryn dili diýilende, daşary ýurtlarda milli azlyk bolup ýaşaýan türkmenler, esasanam Eýran, Owganystan, Pakistan we Orsýetde ýaşaýan türkmenler we olaryň dili ýada düşýär.

Sebabi, Eýranda türkmen dili mekdeplerde okadylmaýar, hatda çagalara türkmen adyny dakmak hem gadagan. Owganystanda çäklendirme ýogam bolsa, türkmen dilini öwreder ýaly kadr ýok, Pakistanda bolsa ýagdaý hasam kyn.

Agzalýan ýurtlaryň metbugat serişdelerinde hem türkmen dilinde efire berilýän gepleşikler, şol dile hyzmat etmekden has köp, milli ideologiyany mahabatlandyrmak maksadyna hyzmat edýän ýaly bolup eşidilýär.

Şeýle ýagdaýda, şol ýurtlarda türkmen diliniň ykbaly nähili? Diliň ýitip gitmeginiň öňüni almak ýa ony beýleki dilleriň täsirinden goramak üçin näme edilýär ýa näme edip bolar?

“Dünýä türkmenleri” gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda, ynha, şu tema hakda gürrüň etmekçi. Eger bu temadan öz pikiriňizi aýtmak isleseňiz, aşakdaky forumdan peýdalanyň. Eger pikiriňizi programmamyza gatnasyp beýan etmekçi bolsaňyz, bize hat yazyň, özumiz siziň bilen habarlaşarys, adresimiz: hat@azatradio.org

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG