Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiçi tussag etmäge resmi görkezme berildi


Ukrainada häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezident Wiktor Ýanukowiçi köpçülikleýin adam öldürmeler bilen bagly aýyplamalaryň esasynda tussag etmek üçin order rugsatnamasy berildi.

Duşenbe güni ýurduň içeri işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän Arsen Awakow “parahat ýaşaýjylaryň köplükde öldürilmegi sebäpli resmi iş açyldy”, diýip Facebookdaky resmi sahypasynda ýazdy. Awakow Ýanukowiçiň soňky sapar Orsýete tarapdar Krym ýarym adasynda görülendigini aýdyp, onuň bu ýere ýekşenbe güni barandygyny we soň näbelli ýere gidendigini aýtdy.

Geçen hepdede Ukrainada bolan dartgynlyk zerarly ýurduň Saglyk ministrligine görä, 80-den gowrak adam wepat bolupdyr, olaryň köpüsi protestçiler.

Ýurduň ýerine ýetiriji prezidenti Oleksand Turçynow parlamenti sişenbe gününe çenli milli bütewilik hökümetini döretmek barada ylalaşmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG