Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenka: Belarusda Maýdan bolmaz


Prezident Aleksandr Lukaşenka goňşy Ukrainadaky ýaly dartgynly wakalaryň Belarusda gaýtalanyp bilmejegini aýtdy.

Belarusyň goşun ýolbaşçylarynyň öňünde ýekşenbe güni eden çykyşynda Lukaşenka Belarusda “hiç hili Maýdan bolmaz” diýdi. “Biziň mukaddes borjumyz tertipsizligiň öňüni almak we raýatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmekdir”, diýip Lukaşenka belledi.

Lukaşenka Minskde Ýeňiş ýadygärligine gül goýanda eden çykyşynda Belarusyň kanuny goraýjy ofiserlerine garşy hüjüm etmek boýunça islendik synanyşyga “derhal jogap beriljekdigini duýdurdy. Şeýle-de, Lukaşenka Ukrainanyň territorial bütewiligini saklamaga çagyryş etdi.

Ýewropa tarapdar protestçileriň we Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň hökümetiniň arasynda üç aýlap dowam eden gapma-garşylyk ençeme protestçi howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürilensoň geçen hepdede aýgytly pursada ýetdi.

Ýanukowiç şenbe güni parlamentde geçirilen ses berişlik arkaly wezipesinden çetleşdirildi. Häzirki wagtda Ýanukowiç aldam öldürmek bilen bagly aýyplamalaryň esasynda gözlenýär. Onuň nirede ýerleşýändigi belli däl.
XS
SM
MD
LG