Sepleriň elýeterliligi

Krym tatarlary täze ýolbaşçylary goldaýar


Krym ýarym adasynda ýaşaýan müňlerçe tatar Krymyň paýtagty Simferopol şäherinde ýekşenbe güni ýöriş geçirip, prezident Ýanukowiçiň çetleşdirilmeginden soň häkimiýet başyna geçen täze ýolbaşçylara goldaw bildirdiler.

Krym tatarlarynyň öz edarasy bolan Mejlisiň başlygy Refat Çubarow Krymyň ýolbaşçylaryna garşy çykyş etdi we olaryň Ýanukowiçiň “Regionlar partiýasy” tarapyndan bellenendigini aýtdy.

Çubarow Krymyň öz halkynyň ýarym ada ýolbaşçy bolmalydygy aýtdy we Ukrainanyň parlamentinde Krym tatarlarynyň agzalaryndan ybarat ýörite komissiýanyň döredilmegine ündedi.

Şol bir wagtyň özünde-de müňlerçe adam Krymyň iň uly şäheri Sewastopolyň köçelerine çykyp Ýanukowiçe goldaw bildirdi. Sewastopoldaky ýörişlere gatnaşanlar Kiýewe salgyt tölemezlige çagyryş etdiler we şäheriň häkimi wezipesine Orsýetiň raýaty Alekseý Çalyny bellemegi talap etdiler.
XS
SM
MD
LG