Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-nyň resmisi Täjigistana sapar etdi


ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty Duşenbede gepleşik geçirip Täjigistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we Owganystandaky ýagdaýy maslahat etdi. ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça orunbasary Riçard Hoagland Täjigistanyň paýtagtynda prezident Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Täjigistanyň prezidentiniň metbugat gullugy gepleşiklerde taraplaryň Owganystandan NATO-nyň goşunlarynyň çykarylmagy bilen baglylykda regiondaky ýagdaýy ara alyp maslahat edendigini habar berdi.

Şeýle-de, taraplar ABŞ-nyň Täjigistanyň ykdysadyýetine amerikan maýa goýujylaryny çekmek ýollaryna we regional proýektleri durmuşa geçirmek meselelerine üns beripdirler.

Merkezi Aziýa sapar edýän Hoagland 2003-2006-njy ýyllarda ABŞ-nyň Täjigistandaky ilçisi bolupdy.
XS
SM
MD
LG