Sepleriň elýeterliligi

Mundan ýetmiş ýyl öň Iosif Staliniň emri bilen çeçenler we inguşlar Orta Aziýa sürgün edilipdiler. Taryhyň bu elhenç tragediýasyndan gutulyp, sag-aman galan adamlar şol günlerde gyşyň içinde aňzaga, açlyga, horluga we beýleki agyr kynçylyklara uçradylan halkyň tas üçden biriniň armanly gyrlandygyny gürrüň berýärler.

Aradan ýetmiş ýyl wagt geçenem bolsa, Muhazar Jebraýylowa 1944-nji ýylyň 23-nji fewralynda bolan wakalary edil düýnki bolan zatlar ýaly ýatlaýar.

Ömürlik ýatlama

Gartaşan aýal şol gün bolup geçen wakalary gussa bilen ýatlaýar. Dagy etekläp oturan Zandak obasynyň baýyrlaryny aşyp, oba tarap süýşüp ugran harby ulaglary görende, Jebraýylowanyň ejesi abanýan howpy öňünden syzan ýaly çar ýana elewräpdir. Bu Jebraýylowanyň ýadynda ömürlik galypdyr.

Şol döwürde Zandak obasy Sowet Soýuzynyň Çeçen-Inguş awtonom respublikasyna degişli bolup, Jebraýylowa hem ol wagt ýaňy 13 ýaşynda ekeni. Ol bu barada şeýle gürrüň berýär: “Ejem birden aýak çekdi. Saklandy. Ýoluň gyrasynda halka çökdi we ýüregi gysýan ýaly aglap başlady. Men ondan näme “üçin aglaýaň?” diýip soranymda, ejem maňa obamyza gelen ýük ulaglarynyň bizi “itiň ölen ýerine” äkitmek üçin gelendiklerini aýtdy”.

Sowet goşunlary gijäň ýary gelip olaryň gapylaryny kakanlarynda we goş-golamlaryny ýygnamaklaryny talap edenlerinde, gorkudan “ak-tam bolan” Jebraýylowa ejesiniň mamladygyna düşünip galýar.

Diýdimzor Staliniň emri bilen respublikanyň çägindäki ähli öýleriň diýen ýaly gapylary kakylyp, adamlaryň goş-golamlaryny ýygnamaklary talap edilýär.

“Çeçewisa”

Ilat sany ýarym milliona golaý bolan çeçenler we inguşlar şol gije öz dogduk topraklaryndan tutuşlygyna göçürlip, Orta Aziýa sürgün edilýärler. Moskwa olary faşistik Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplap, jeza hökmünde ýurduny taşlamaga mejbur edýär.

Şol gün çeçenleriň we inguşlaryň garşysyna gönükdirilen “Çeçewisa” ýagny “merjimek” diýlip atlandyrylýan rehimsiz operasiýa başlanýar. Garrylar, hassalar, çagalar we ýöremäge ýaramaýan adamlar “gylyçdan geçirilýär”. Öýlerini taşlap gaçyp sypmakçy bolanlaryň güni hem şondan gowy bolmaýar.

Obanyň üstüne ajal bolup abanan şol gijede Staliniň adamlary beýlekiler bilen bir hatarda Jenraýylowanyňam dört garyndaşynyň ganyna galýarlar. Onuň çeşmeden suw getirýän daýzasyny esgerler öýüne ýetirmän, atyp öldürýärler. Onuň iki doganoglany we agasy hem şol gije öýleriniň daş ýüzünde atylyp öldürilýär.

Jebraýylowa ganly gije barada şeýle gürrüň berýär: “Meniň iki doganoglanymyň ikisem şol gije obaň ortasynda jaýlandy. Olary ýöne bir çukur gazyp, üstüni gömdüler. Şolaryň jaýlanan ýerinde häzirem kiçijik depejik bar. Şonda agamam öldürip, şol ýerde gömdüler. Ynha, olaryň üçüsinem şeýdip, öldürdiler.”

Jebraýylowanyň maşgalasy Gazagystana göçürilip äkdilýär. Sürgün edilenleriň käbirini Gyrgyzystana käbirlerini bolsa Sibire çenli äkidýärler.

Jeň meýdanynda Gitlere garşy aldym-berdimli söweşen 40 müň sany çeçen we inguş esgerleri hem sürgün edişlikden öz “paýyny alýarlar.”

"Haýran gadyran" habar

Salman Dudaýew şol döwürlerde Stalingradda ekeni. Ol hem faşistik armiýa kömek etmekde aýyplanyp, sürgün edilýär.

Sowet goşunyna kömek etmek üçin 13 ýaşynda öýünden gaçyp harbylaryň hataryna goşulan ýaşajyk Selman bu şum habary eşideninde, ganaty ýolnan ýaly bolýar. Dudaýewiň şol wagtky komandiri, ukrainaly Mikola Kotowyň hem bu şum habara aňk-taňk bolýar.

Ol “Şonda komandirimiňem gözlerine ýaş aýlandy. Ol meniň ýanyma gelip, maňa ýarag uzatdy: ‘Oglum, çeçenler doglanda söweşiji bolup dogulýarlar. Olar jeňde algyr guş ýaly söweşýärler. Ýöne men saňa birnäçe günden bäri bir zady aýdyp bilmän saklanyp ýörün. Meni bagyşla, ýöne menem buýruga boýun bolmaly bolýan’” diýýär.

Açlyk

Soňra Dudaýewi dessine goşunyň hataryndan çykarýarlar we mal daşalýan otla mündürip, Gazagystanyň gündogaryndaky Hytaý bilen araçäkde ýerleşýän Leninogorsk şäherine ugradýarlar. Ol 27 günläp dowam eden syýahatda aman galýar. Emma ol ýere sürgüne iberilenlerden on müňlerçe adam açlykdan ölýär.

Dudaýew Gazgystanda 6 aýlap özüniň dogan-garyndaşlaryny gözleýär. Tapyp bilmeýär. Ahyrsoňy, çeçenleriň hereket azatlygyna çäklendirme girizilen hem bolsa, ol bu gadagançylyga boýun bolman Gyrgyzystana gaçýar. Şonda ele düşen bolsa, 25 ýyl azatlykdan mahrum edilmeli ekeni. Ol Gyrgyzystana baryp, şol ýerden öz maşgalasyny tapmagy başarýar.

Jebraýylowlaryň maşgalasy hem Gazagystanda tapyşýarlar. Dört hepde geçensoň, açlykdan ýaňa aňkalary aşyp, olar Gazagystana barýarlar. Bu barada Jebraýylowa şeýle gürrüň berýär: “Içere suw, iýere iýmit ýok. Öz ýanymyz bilen alan az-owlak iýmitimizi sähel wagtda iýip gutardyk. Otly ýolugra kä ýerde duranda, ejemiz käse bilen daşardan gar getirip, şony eredip bize suw içirýärdi.”

Gazagystana baryp düşenlerinden soň aradan birnäçe aý geçmänkä Jebraýylowanyň tutuş maşgalasy açlykdan ölýär. Ilki onuň kakasy, soňra iki oglan dogany, ejesi we iki sany gyz dogany.

Sürgün edilen çeçenleriň we inguşlaryň 30-50 göteriminiň açlyga we sowuga çydap bilmän ölendigi ýa-da öldürilendigi aýdylýar.

Stalin ölensoň, has takygy 1956-njy ýylda, sürgün edilen adamlaryň öz watanlaryna dolanmaklaryna rugsat berilýär. Kartadan ady bozulan Sowet Soýuzynyň düzümindäki Çeçen-Inguş awtonom respublikasy hem täzeden dikeldilýär.

Ýurduna dolanan çeçenler yzlarynda goýup giden ýerlerini tanamaýarlar. Sowet häkimiýeti ýüzlerçe metjidi ýer bilen ýegsan edipdir. Gadymy golýazmalary ýakyp, gadymy galalary ýumrupdyrlar.

Göwni galan çeçenistanlylaryň köpüsi ýene-de yzyna, Gazagystana dolanýar. 1994-nji ýylda Çeçenistanda gaýtadan uruş başlananda, çeçenleriň bir bölegi ikinji sapar Orta Aziýa gaçyp barýarlar.

Jebraýylowa-da, Dudaýewem şonda Çeçenistanda galýar.

Häzirki wagtda Çeçenistanyň kremlçi dikmesi Ramzan Kadyrow çeçenleriň 23-nji fewralda bellenilýän ählihalk ýatlama gününi ýatyran hem bolsa sürgün edilen halk agyr günlerde başyndan inen ejirleri hiç haçan ýatdan çykaranok.
XS
SM
MD
LG