Sepleriň elýeterliligi

Tagtabazarda dükanlar barlanýar


Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda hususy dükanlarda uçdantutma barlaglar geçirilýär. Ilkibaşda etrap merkezinde başlanan barlaglar häzir etrabyň obalarynda dowam edýär.

Takmynan fewral aýynyň 17-18-lerine başlanan bu barlaglaryň netijesinde etrap merkezinde ençeme dükanlaryň işine wagtlaýyn gadaganlyk girizildi. Bu barlaglar we onuň sebäpleri barada resmi taýdan hiç hili maglumat berilmeýär.

Barlagçylar

Takmynan on bir adamdan ybarat bolan barlagçylaryň düzümine prokuratura, polisiýa, sanepidemstansiýa we salgyt ýaly gulluklaryň wekilleri girýär. Hususan-da, azyk harytlaryny satýan dükanlaryň barlagyny geçirýän bu topar harytlaryň möhletini we azyk harytlarynyň sertifikatlaryny jikme-jik barlaýar diýlen maglumatlar bar.

Şol barlaglaryň netijesinde käbir dükanlaryň gapysy möhürlendi, şol dükanlardan tapylandygy aýdylan we möhleti geçen harytlar bolsa konfiskasiýa edildi. Bu barada Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir dükançylar maglumat berdiler.

“Meniň hemişe azyk harytlaryny alýan dükanymy ýapypdyrlar. Uly dükan, söwdasy gowy bolanlygy sebäpli harytlary täzedir öýdüp ýördüm. Ýöne olam ýapylan dükanlaryň arasynda” diýip, 30 ýaşlaryndaky Arslan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Häzir wagtlaýyn möhlet bilen ýapylan şol dükanlaryň käbirleri gaýtadan işläp başlan hem bolsa, ýapyklygyna galýan dükanlar henizem az däl.

Gapysyna gulp urlan şol dükanlaryň hemmesiniň barlagyň netijesinde ýapylandygyny aýtmak hem kyn. Olaryň käbirleriniň hut öz eýeleri tarapyndan, etrapda dowam edýän barlaglar gutarýança ýörite ýapylandygyny aýdýanlaram bar.

Esasy söwda nokady

Beýleki tarapdan, adamlar üçin hususy dükanlar esasy söwda nokady bolup galýar. Döwlet dükanlary bilen deňeşdireniňde, adamlar hususy dükanlardan zerur harytlary köplenç karzyna-da alýarlar.

Özara ynam esasynda edilýän söwdanyň bu hili görnüşine adamlaryň arasynda ýazgy diýilýär. Ýazgy usuly bilen söwda edýänler, esasanam, durnukly girdeji çeşmesi bolmadyk adamlardan ybarat.

Adamlaryň töleg ukyplarynyň pes bolmagy sebäpli hususy dükanlaryň ýapylmagy söwdagärler bilen bir hatarda alyjylaram alada goýýar.

Azyk harytlaryny satýan dükanlaryň barlagy Tagtabazar etrabyndan başlamady. Takmynan birki hepde mundan ozal Mary şäherinde we beýleki etraplardada meňzeş barlaglaryň geçirilendigi barada habarlar bar.

Şeýle-de barlagçylaryň düzümine göz aýlasaň, onda bu barlaglaryň etrap merkezindäki gulluklaryň meýli bilen geçirilmeýändigini çaklasa bolýar. Sebäbi şeýle barlaglaryň Aşgabat we käbir beýleki uly merkezlerde hem geçirilýändigi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG