Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiçi tussag etmek barada höküm çykdy


Wiktor Ýanukowiçiň "gözlenýändigi" baradaky bildiriş. Kiýew. 24-nji fewral, 2014 ý.

Wiktor Ýanukowiçiň "gözlenýändigi" baradaky bildiriş. Kiýew. 24-nji fewral, 2014 ý.

Ukrainanada ýurduň häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezidenti Wiktor Ýanukowiçi tussag astyna almak barada buýruk çykaryldy. Ol adamlary köpçülikleýin gyranlykda aýyplanýar.

Bu habar duşenbe güni ýurduň içeri işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän Arsen Awakowyň Facebookdaky resmi sahypasynda köpçülige ýetirildi.

"Parahat raýatlaryň köpçülikleýin öldürilenligi bilen bagly resmi jenaýat işi açyldy. Ýanukowiç bilen birlikde muňa jogapkär beýleki adamlar-da tutulmaly edildi" diýip, Awakow ýazýar.

Awakowyň aýtmagyna görä, Ýanukowiç iň soňky gezek ýekşenbe güni Orsýetparaz Gara deňiz ýarymadasy bolan Krymyň Balaklawa raýonynda bir hususy jaýda görlüpdir.

Awakow Ýanukowiçiň öz adminstrasiýasynyň başlygy Andreý Klýuýew bilen birlikde ol ýere ýekşenbe güni barandygyny, soňra hem onuň näbelli ugra gidendigini aýtdy.

Adam ýitgileri

Saglyk ministrligi Ukrainada öten hepdedäki çaknyşyklarda ölenleriň sany 80-den agdyk diýip habar berýär. Bularyň aglabasy protestçiler.

Ýüzlerçe adam duşenbe güni hem Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda galyp, ölen adamlaryň hatyrasyna gül goýup, şem ýakdylar.

Ýanukowiçiň garşysyna gönükdirilen üç aýlyk protestleriň merkezi bolan bu meýdança ýekşenbe güni Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihaýil Saakşwili-de geldi.

Prezidentlik wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Oleksandr Turçinow täze hökümeti gurmak barada duşenbe güni parlament fraksiýasynyň ýolbaşçylary bilen pikir alyşdy.

Ýanukowiçiň ýolbaşçylygynda Ukrainada höküm süren "Regionlar partiýasy" duşenbe güni özüniň oppozisiýa geçjekdigini mälim etdi. Köp sanly kanunçykaryjylar bu partiýadan çyksalar-da, ol 450 orunly parlamentde ýene-de iň uly fraksiýa bolup durýar.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aştonyň duşenbe güni Kiýewe baryp, Ukrainanyň ýaramaz ykdysady ýagdaýy barada gerekli çäreler hakda pikir alyşmagyna garaşylýar.

Premýer-ministriň wezipesine potensial dalaşgär hasaplanýan Arseniý Ýatsenýuk duşenbe güni Ukrainanyň hazynasynyň boşap, bankrotlyk bilen ýüzbe-ýüz durandygyny aýtdy.

Ukrainanyň maliýe ministri wezipesini ýerine ýetirýän Ýuriý Kolobowyň duşenbe güni bildirmegine görä, Ukraina geljek iki ýyllykda daşary ýurtlardan 35 milliard dollar çemesi kömek gerek bolar.

Orsýetiň maliýe ministri Anton Siluanowyň ýekşenbe güni aýtmagyna görä, Moskwa öten ýyl Ýanukowiçe wada edilen 15 milliard dollar karz puluň nobatdaky bölegini berip-bermezlik barada basym - täze hökümet düzülenden soň, - karar kabul eder.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG