Sepleriň elýeterliligi

Bişkek Moskwa protest bildirmekçi


Gyrgyzystan “Orsýetiň Liberal demokratik partiýasynyň” lideri Wladimir Žirinowskiniň çykyşy bilen baglylykda Orsýete protest bildirmegi planlaşdyrýar.

Sişenbe güni Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Erlan Abdyldaýew Žirinowskiniň Merkezi Aziýa baradaky soňky çykyşynyň Gyrgyzystanyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşigine “goşulmagy bilen bagly meseläni sorag astyna goýýandygyny aýtdy”. Gyrgyzystanyň kanun çykaryjylary ýurduň Daşary işler ministrligini Žirinowskiniň çykyşy barada resmi düşündiriş soramagy talap etdiler. Duşenbe güni Gazagystan Orsýetiň hökümetine öz protestini bildirdi.

Žirinowskiý ýekşenbe güni Moskwada eden çykyşynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň “Merkezi aziýaly federal region hökmünde” bir topara birleşdirilip Orsýet Federasiýasynyň subýektine öwrülmelidigini aýtdy.

Geçmişde Žirinowskiniň şuňa meňzeş çykyşlary Gazagystany we Gyrgyzystany onuň bu ýurtlara barmagyna wagtlaýyn gadagançylyk girizmäge itergi beripdi.
XS
SM
MD
LG