Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: “Depeche Mode” konsertini ýatyrdy


Britaniýaly meşhur rok aýdymçy topary “Depeche Mode” Kiýewde geçirmegi planlaşdyran konsertini howpsuzlyk sebäplere görä ýatyrdy.

Duşenbe güni ýaýradan beýannamasynda aýdymçy topar Kiýewdäki Halkara sergi merkezinde çarşenbe güni geçirilmegi göz öňünde tutulan konsertiň Kiýewde we tutuş Ukrainada dowam edýän jemgyýetçilik protestleri we durnuksyzlyk sebäpli” ýatyrylandygyny mälim etdi. Şeýle-de beýannamada aýdylyşyna görä, rok toparyň “pikirleri bu agyr döwrüň dowamynda ukrainalylar bilen, emma sazandalaryň, olaryň kömekçileriniň we tomaşaçylaryň howpsuzlygy” has möhüm rol oýnaýar.

“Depeche Mode” topary Gündogar Ýewropada we öňki Sowet Soýuzynda örän meşhur. Bu toparyň aýdymçylary duşenbe güni Polşanyň Lodz şäherinde çykyş etdiler we Minskde, Moskwada hem Sankt Petersburgda çykyş etmegi planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG