Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Erdogan aýyplamany ret edýär


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan özüniň we oglunyň uly möçberdäki puly jübisine urandygy barada paş edilen gizlin maglumatlary galp we “elhenç hüjüm” diýip atlandyrdy. Erdoganyň häkimiýet başyndaky “Adalat we ösüş partiýasynyň” agzalary bolan kanun çykaryjylaryň öňünde sişenbe güni parlamentde eden bu çykyşy korrupsiýa bilen bagly derňewlere döredilýän päsgelçiliklere garşy alnyp barýan göreşe gabat geldi.

Oppozision partiýanyň ýagny sagçy Milli hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli prokurorlary we sud edaralaryny meselä goşulmaga çagyrdy. Türkiýäniň esasy oppozision partiýasy bolan “Respublikan halk partiýasy” duşenbe güni agşam geçren adatdan daşary maslahatynda Erdogany wezipesinden çekilmäge çagyrdy.

Erdogan öz töweregindäki adamlara degişli korrupsiýa bilen bagly derňewleri mart aýynda boljak ýerli saýlawlaryň we awgust aýynda boljak prezidentlik saýlawlaryň öňýanynda onuň hökümetine garşy edilýän dildüwşük diýip atlandyrýar.
XS
SM
MD
LG