Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Orsýeti hoşniýetli bolmaga çagyrdy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katerine Aşton Orsýeti Ukrainanyň hoşniýetli goňşusy hökmünde hereket etmäge we ýurduň saýlap alan öz ýoly bilen gitmegine mümkinçilik bermäge çagyrdy.

Sişenbe güni Kiýewde geçirilen metbugat-konferensiýasynda eden çykyşynda Aşton Ukrainanyň täze liderlerine “berk goldaw” bildirdi. Ukrainada üç aýa golaý wagtlap dowam eden hökümete garşy protestleriň netijesinde prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginden soň Aşton ýurda sapar eden ilkinji daşary ýurtly lider boldy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow sişenbe güni Moskwada eden çykyşynda Ukrainanyň Orsýet ýa Günbatar bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy saýlamaga mejbur edilmeli däldigini aýtdy. Lawrow Ukrainany saýlamaga mejbur etmek “howply we öňyn netijeli däl” diýip belledi.

Ukrainanyň parlamenti ýurduň täze hökümetini döretmek boýunça penşenbe güni ses berişlik geçirmegi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG