Sepleriň elýeterliligi

Putin üçin Ukrainanyň ähmiýeti uly


Kiýewde hökümete garşy protestçiler Leniniň heýkelini ýumurýarlar. 8-nji dekabr, 2013 ý.

Kiýewde hökümete garşy protestçiler Leniniň heýkelini ýumurýarlar. 8-nji dekabr, 2013 ý.

Haçan-da Ukrainada öňki sowet lideri Wladimir Leniniň bir heýkeli ýykylanda, ors prezidenti Wladimir Putin bu ýurdy "elden berdi" diýen pikir döreýär.

Amerikan prezidenti Barak Obama 19-njy fewralda Meksika saparynyň dowamynda eden beýanatlarynda bular ýaly Sowuk uruş ritorikasyna ýol bermezlige synanyşyp, şeýle diýdi: "Biziň Birleşen Ştatlar hökmünde çemeleşişimiz - bu wakalar Sowuk urşuň küşt tagtasy, munda biz Orsýet bilen bäsleşýäris diýilen manydaky garaýyş däl. Biziň maksadymyz - ukrain halkynyň öz geljegini özüniň kesgitlemegini gazanmak".

Ýöne ýakymsyz geosyýasy hakykat welin, başga zady aňladýar. Ukraina 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alaly bäri Günbatar bilen Orsýetiň aralygynda galýar. Günbatar ony öz tarapyna çekmäge synanyşýar, Orsýetiň maksady hem öňki sowet giňişliginde öz täsir sferasyny saklap galmak.

Muny Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky öňki ilçisi Stewen Pifer şeýle düşündirýär: "Bu meselede Orsýet üçin güýçli sebäpler bar. Meniň pikirimçe, bu Wladimir Putin üçin bir uly iş. Ol öňki sowet giňişliginde täsir sferasyny döretmek isleýär. Munuň bir uly bölegi-de Gümrük Bileleşigi bolmaly. Ýöne Ukraina Ýewropa Bileleşigine tarap hereket etse, onda bu sferada bir boşluk döreýär. Men bu iş Wladimir Putiniň ýurt içindäki syýasy tarapdarlary üçin hem möhüm diýip pikir edýärin. Ukrainany yzyna, ýagny Orsýete tarap çekmek - ýurtda halanýan zat. Ukrainany elden bermek - populýar däl".

Ukrainanyň ähmiýeti

Aslynda Orsýet üçin Ukrainanyň ähmiýeti populýarlykdan has ýokary. "Ukrainanyň Mämişi Rewolýusiýasy" atly kitabyň awtory Andrew Wilsonyň "The Independent" gazetiniň 23-nji fewral sanynda bellemegine görä, Ukrainada hakyky demokratiýanyň bolmagy Putiniň 2000-nji ýyldan bäri gurup gelýän tutuş sistemasyna abanýan bir çynlakaý howp.

Awtoritar häkimiýetli Orsýet öňki sowet giňişliginde diňe bir kleptokratiýanyň nusgasyny oňat garşylamazlyk bilen çäklenmez. Onuň Ukrainada möhüm ykdysady we howpsuzlyk bähbitleri-de bar. Orsýetiň Gara Deňiz floty Sewastopolda ýerleşýär. Ýewropa gidýän tebigy gaz heniz hem Ukrainadan geçýär. Ukrainada, aýratyn-da onuň gündogar etraplarynda, ors oligarhlarynyň giň gerimli we düşewüntli bähbitleri bar.

Şol bir wagtyň özünde-de Ukrainanyň ykdysadyýeti çöker-çökeriň üstünde dur. Hökümet 35 milliard dollar gyssagly kömek gerek diýip, çagyryş etdi. Kiýew Orsýetiň arzanladylan gazyna aşa garaşly. Moskwa islän mahaly söwda we energiýanyň üsti bilen gysyş görkezip, ýurtda närazylygy, syýasy bölünişigi güýçlendirip bilýär.

Wilsonyň ýazmagyna görä, Orsýet Ukrainadaky täze hökümeti başa bardyrmazlyk üçin elinde bar bolan ähli gurallardan peýdalanmazdan öň, oňa biraz wagtlap pursat berer.

Premýer-ministr Dmitriý Medwedew 24-nji fewralda täze hökümetiň kanunylygyny eýýäm sorag astyna aldy.

"Biziň çet ýurtly käbir ýaranlarymyz, günbatar ýaranlarymyz başgaça oýlanýarlar - olar bu häkimiýete kanuny diýip garaýarlar. Olaryň bu netijäni haýsy konstitusiýany, haýsy kanunçylygy okap çykarýanyny men bilemok. Meniň pikirimçe, aslynda ýaragly pitnäniň netijesi bolan bir zada kanunylyk bermeklik akyl-paýhasdan azaşmak" diýip, Medwedew bu ugurdan öz hökümetiniň pozisiýasyny mälim etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG