Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: “Separatizm alamatyna” aladalanma bildirildi


Ukrainanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Oleksandr Turçynow geçen hepdede ýurdy sarsdyran syýasy öwrülişikden soň “separatizm alamatlarynyň” we Ukrainanyň territorial bütewiligine abanýan howplaryň alada döredýändigini aýtdy.

Turçynowyň sişenbe günki bu çykyşy Krym ýarym adasynda bolan protestleriň yzýany edildi. Regionyň esasan Orsýete tarapdar ýerli ilaty Ukrainanyň täze ýolbaşçylaryna garşy çykyş etdiler.

Orsýet hem ukrain oppozisiýasyny goldaýan günbatar döwletleri Ukrainanyň Günbatary goldaýan we ors dilinde gepleýän regionlarynyň arasyndaky gapma-garşylyklara degişli durnuksyzlygyň güýçlenmegi barada duýdurdylar.

Şol bir wagtyň özünde-de Ýanukowiçiň kömekçisiniň oka tutulyp ýaralanandygy barada habar berildi. Andriý Kluýew ýekşenbe gününe çenli Ýanukowiçiň administrasiýasynyň ýolbaşçysy bolupdy.
XS
SM
MD
LG