Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Turçynow harby ýolbaşçy boldy


Ukrainanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Oleksandr Turçynow ýurduň ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysy wezipesini öz üstüne aldy.

Çarşenbe güni prezidentiň resmi websaýtynda çap edilen bu karardan bir gün ozal ýurduň içeri işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän Arsen Awakow ýurduň “Berkut” atly ýöriteleşdirilen polisiýa bölümini dargatmak barada karara gol çekdi. Hökümete garşy çykyş eden protestçiler “Berkuty” demonstrantlara garşy zorlukly hüjüm etmekde aýypladylar.

Awakow özüniň Facebookdaky resmi sahypasynda “mundan beýläk Berkut bolmaz” diýip ýazdy. Has jikme-jik detallaryň çarşenbe güni geçiriljek brifingde habar beriljekdigi aýdyldy. Ýöriteleşdirilen “Berkut” bölümleriniň jemgyýetde tertip-düzgüni saklamaga we tiz hereket etmäge ukyply 4000 golaý gowy türgenleşdirilen polisiýa wekilini öz düzümine alýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG