Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Täze oppozisiýa Gümrük bileleşigine garşy


Gyrgyzystanyň täze döredilen Birleşen milli oppozision hereketi ýurduň ösüşi boýunça alternatiw programmany düzmek planlary barada yglan etdi.

Hereket çarşenbe güni Bişkekde geçiren özüniň birinji maslahatynda parlament respublikasyny döretmegi we prezidentiň ygtyýarlygyny çäklendirmegi goldaýan rezolýusiýany kabul etdi. Şeýle-de bu hereket Gyrgyzystanyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşigine goşulyp-goşulmazlygy boýunça referendum geçirmegi talap edýär.

Orsýet Gyrgyzystany 2011-nji ýylda döredilen Gümrük bileleşigine goşulmaga ündäp gelýär. Bu gurama şu çaka çenli Belarus, Gazagystan we Orsýet girýär.

Dekabr aýynda Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Bişkegiň Gümrük bileleşigine goşulmagy boýunça plany tankyt etdi we onuň ýurduň bähbitlerini göz öňünde tutmaýandygyny belledi. Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň ykdysadyýet ministri Temir Sariýew ýurduň Gümrük bileleşigine goşulmagynyň wagtynyň belli däldigini kanun çykaryjylara aýtdy.
XS
SM
MD
LG