Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Öňki prezidentler Orsýeti aýyplady


Ukrainanyň öňki prezidentleri Orsýeti Ukrainanyň Krym ýarym adasyna goşulmakda aýyplaýarlar. Krymda Ukrainanyň täze ýolbaşçylaryna garşy protest geçirilýär.

Leonid Krawçuk, Leonid Kuçma we Wiktor Ýuşenko çarşenbe güni eden bilelikdäki beýannamasynda Orsýeti “Krymyň syýasy durmuşyna göni goşulyşmakda” aýypladylar.

Ukrainanyň öňki üç prezidenti käbir syýasatçylaryň edýän howply çykyşlaryna garşy çykdylar we kanun goraýjy edaralaryň separatistik çagyryşlara, ors dilli raýatlaryň hukuklarynyň depelenmegi baradaky çaklamalara we Ukrainanyň regionlarynyň arasynda duşmançylygyň tutaşdyrylmagyna we ýurduň döwlet simwollarynyň äsgerilmezligine üns berjekdigini aýtdylar.

Orsýete tarapdar aktiwistler prezident Wiktor Ýanukowiçiň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň Krymda ýöriş geçirdiler we hökümet edaralarynyň jaýlarynda Orsýetiň baýdaklaryny dikdiler.
XS
SM
MD
LG