Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: 131 polisiýa ofiseri içgili tutuldy


Orsýet resmileriniň aýtmagyna görä, Moskwanyň 15 müň çemesi polisiýa ofiseri 2013-nji ýylda öz edarasynyň düzgünnamalaryny bozupdyr, olardan 131 ofiser içgili halda ulag sürüpdir.

Moskwanyň polisiýasynyň başlygy Anatoliý Ýakunin çarşenbe güni Döwlet Dumasyna beren öz ýyllyk hasabatynda içgili tutulan ofiserleriň wezipelerinden mahrum bolandygyny, olaryň ýolbaşçylaryna bolsa berk käýinç berilendigini habar berdi.

Ýakuniniň sözlerine görä, 2013-nji ýylda 3200 ofiser özlerini ahlak taýdan alyp baryşy sebäpli administratiw käýinç alypdyr. Şeýle-de onuň bellemegine görä, “humar oýunlaryny, bikanun telekeçiligi, jelepçiligi we bikanun sürüjilik biznesi” ýaşyrmak üçin korrupsiýa baş goşan ofiserleri tutmak boýunça ýörite çäreler hem görülipdir.

Ýakunin 16000 ofiseriň işini gowy ýerine ýetirendigi üçin sylaglanandygyny, 449 adamyň döwletiň we edaranyň baýraklaryna hödürlenendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG