Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet goşunyň taýýarlygyny barlaýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň merkezi we günbatar böleklerinde ýaragly güýçleriň taýýarlygyny barlamak boýunça gyssagly türgenleşik geçirmegi tabşyrdy.

Orsýetiň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu salgylanmak bilen habar berilişine görä, Putin türgenleşigi çarşenbe güni Moskwanyň wagty bilen gündiz sagat ikide geçirmegi tabşyrypdyr.

Bu türgenleşik Orsýetiň günbatardaky goňşusy Ukrainada prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegi bilen baglyly syýasy dartgynlylygyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG