Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym: Parlamentiň içinde maslahat, daşynda protest


Ukrainanyň Krym ýarymadasynyň regional parlamenti adatdan daşary maslahatyny geçirip Krymdaky ýagdaýy maslahat edýär.

Krym ýarymadasynyň paýtagty Simferopolda çarşenbe güni bu maslahatyň geçirilýän wagtynda parlamentiň jaýynyň daşynda protestçileriň bir-birine garşy toparlary jemlendiler. Olaryň sany müňlerçe adam diýilip aýdylýar. Häzirki wagtda polisiýa olaryň arasyny saklaýar.

Krym tatarlarynyň ençemesi Ukrainanyň baýdaklaryny galgadýarlar we “Ukraina Orsýet däl” we “Allah Akbar” diýen şygarlary gygyrýarlar.

Olaryň golaýynda duran Orsýete tarapdar protestçiler Kiýewde häkimiýeti öz eline alanlary “banditler”, diýip atlandyrýarlar we Moskwa bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga we Krymyň 1992-nji ýylyň konstitusiýasyna dolanmaga çagyrýarlar. Olar Orsýetiň baýdagyny galgadyp, “Krym Orsýetiňki” diýen şygary öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG