Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaçgak prezident: Ýanukowiç gözlenilýär


Wiktor Ýanukowiç dürbi bilen seredýär
Wiktor Ýanukowiç dürbi bilen seredýär
Ukrainada Wiktor Ýanukowiçiň gözlegine çykyldy. Onuň nirededigi barada il içinde ýaýran myş-myşlaryň yzy üzülenok. Ýöne bir zady anyk aýdyp bileris, ýagny gaçgak prezidentiň gerimi daralyp, mümkinçilikleri gitdigiçe azalýar.

Ukrain protestçileri oňa ölüm jezasynyň berilmegini soraýarlar.

Ýurtda wagtlaýyn wezipelere bellenen liderler öňki prezidenti “köpçülikleýin adam öldürmek” aýyplamasy boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekmeli diýip, karar çykardylar.

Ýöne ýekeje soragyň jogabyny tapmak häzirlikçe çetin. Ýagny, Wiktor Ýanukowiç häzir nirede?

Onuň häzirki wagtda nirededigi barada bir topar myş-myşlar bar. Aýdyşlaryna görä, ol fewralyň 21-den 22-ne geçilen gije Kiýewden gaçyp gidipdir. Ýöne şol günüň edil ertesi güni ol telewizora çykdy. Telewizordaky çykyşynda ol özüniň entegem prezidentlik wezipesini alyp barýandygyny nygtady we protestçileri faşistlere deňedi. Ol Harkowda çykyş edendir diýlip çaklanylýar.

Şondan bäri Ýanukowiçden gördüm-bildim ýok.

Käbirleri onuň Donetskde bir ybadathanada gizlenýändigini aýdýarlar. Käbirleri bolsa onuň Orsýetiň deňiş goşunlarynyň ýerleşýän ýeri bolan Sewastopola gaçyp gidendigini, beýlekiler bolsa Wiktoryň öz gymmat bahaly ýahtasyna ”atlanyp”, Gara deňziň Balaklawa portundan gaçyp, näbelli tarapa sumat bolandygyny aýdýar.

Indi Wiktor Ýanukowiçiň syýasy hyzmatdaşlary hem ondan yzly-yzyna ýüz öwürýärler. Diýmek, indi onuň töweregi çäklenip, mümkinçilikleri gün geçdigiçe azalýar.

Moskwa

Orsýetde oňa “baş pena” hukugy berildi diýýänlerem bar. Ýogsa-da, Orsýetiň “hökümdarlary” Ukrainada üç aýlap dowam eden we soňra gandöküşikli çaknyşyklara ýazan gozgalaňyň netijesinde dünýä inen täze hökümeti ykrar etmeýärler.

Ýöne Moskwanyň Wiktor Ýanukowiç bilen gatnaşygynyň “aňrybaş ysnyşyga” ýugrulandygyny anyk aýtsa bolar. Şeýle-de bolsa, Orseýtde köp adamlar “Döwletimiz gaçgaga ‘baş pena’ berip, Ukraina bilen ýokary derejeli gatnaşygy töwekgelçilige salmaz” diýýärler.

Telewideniýede alyp barýan gepleşiklerinden çen tutsaň, aňrybaş “Kremlparaz” diýiläýjek meşhur žurnalistlerden Maksim Şewçenko soňky ýagdaýlar barada şeýle gürrüň berýär: “Meniň pikirimçe, Moskwa Ýanukowiç bilen onuň maşgalasynyň tarapyny çalyp hereket etmez, etmese gowy bolar. Ýanukowiç duşmançylyk pürkýär. Ol ukrainalylary äsgermezçilik edýär. Bu günki gün Ýanukowiçiň aç-açan tarapyny çalmak, ukrain halkyny äsgermezlik hökmünde kabul ediler. Ukrainadaky syýasy düşünişmezliklere garamazdan, ýurtda häzir beýleki syýasy güýçleriň bardygyna garamazdan, Moskwa Ukraina belli bir derejede täsir etjek bolýar”.

Minsk

Ýanukowiçiň bolup biläýjek ýurtlaryndan beýlekisi hem Belarusdyr. Belarusyň diýdimzor baştutany Aleksandr Lukaşenko 2010-nji ýylda Gyrgyzystanyň şol wagtky gaçgak prezidenti Kurmambek Bakyýewe-de “bosgunlyk” hukugyny beripdi.

Gelip gowuşýan habarlarda Witaliý Kliçkonyň Lukaşenko bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy we Wiktora Ýanukowiçe “baş pena” bermezligi tabşyrandygy aýdylýar.

Wiktordan Ýanukowiçden her zada garaşmaga öwrenişenem bolsak, onuň Minskde peýda bolmak ähtimallygy gaty pes.

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň syýasat boýunça habarçysy Ýuriý Drakahrust bu barada şeýle diýýär: “Onsuzam Lukaşenkonyň Ýanukowiç bilen mäşi bişişip baranokdy. Geňem bolsa, bir zady aýtjak, ýagny Lukaşenko birinji Maýdan lideri Ýuşenko bilen has oňat gatnaşýardy. Belarus bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň göwrümi uly. Lukaşenko Bakyýewe “bosgun” hukugyny bermek bilen özüniň Orta Aziýadaky täsir güýjüni görkezjek boldy. Ýöne agzalýan regionda Orsýetiň aýdanyndan çykmasaň, has arkaýyn ýaşaýaň. Diýmek, Ýanukowiçiň tarapynda bolmak bilen Lukaşenkonyň ýitirýän ýa-da gazanýan zady ýok”.

Ýanukowiçi gözlemekde kerweniň başyny çekýän esasy adam Ukrainanyň içeri işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Arsen Awakowdyr. Ol öz eden çykyşynda gürrüňi edilýän “gaçgagyň” öz janpenalary bilen bilelikde Sewastopolyň üsti bilen Ukrainadan gaçandygyny aýtdy.

Awakow Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda “Ol daşary ýurda gaçmaga synanyşdy, ýöne serhetçiler munuň öňüni aldylar” diýip ýazdy.

Awakowyň pikirine görä, şol synanyşykdan soň Wiktor Ýanukowiç Donetskdäki mülküne gaýdypdyr. 22-nji fewralda bolsa ol Kryma barypdyr.

Balaklawada kelebiň ujy ýitýär. Şol ýerde gaçgak Wiktor Ýanukowiç özüniň janpenalarynyň köpüsini taşlap, ynamdar goragçylary bilen bilelikde nirädir bir ýerlere gürüm-jürüm bolýar.

Ukrainanyň täze liderleri ýitirim bolan prezidentiň ezeneginden süýräp, ony adalatyň huzuryna tabşyrmaga döwtalap. Wiktor Ýanukowiç Ukrainada bolup geçen halk gozgalaňynyň dowamynda buýruk berip, segsen protestçini öldürtmekde aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG