Sepleriň elýeterliligi

Krym: Polisiýa ýokary taýýarlykda


Ukrainanyň içeri işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän Awakow ýaragly adamlar Krymyň hökümetiniň we parlamentiniň jaýyny basyp alansoň Içeri işler ministrliginiň güýçleriniň we polisiýanyň ýokary taýýarlyk derejesine getirilendigini aýtdy.

Arsen Awakow howpsuzlyk güýçleriniň regionyň paýtagty Simferopolda basyp alnan jaýlaryň daşyny gabandygyny habar berdi.

Krymyň premýer-ministri Anatoliý Mohylýow 50 sany ýaragly adamyň sişenbe güni hökümet edara jaýlaryna girip sakçylary aýyrandygyny we Orsýetiň baýdaklaryny dikip hökümet işgärleriniň bina girmeginiň öňüne böwet salandygyny aýtdy. Ýaralananlar barada habar berilmedi.

Simferopolda hökümet jaýlarynyň basylyp alynmagy bilen bagly waka Krymda separatistik hereketleriň edilýän wagtynda ýüze çykdy. Krymda esasan etnik orslar ýaşaýar. Çarşenbe güni Orsýete tarapdar aktiwistleriň we Ukrainanyň täze ýolbaşçylaryny goldaýan etnik tatarlaryň arasynda parlamentiň öňünde çaknyşyk boldy.
XS
SM
MD
LG