Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew: “Prowokatorlara” garşy durmaly


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew “prowokatorlaryň” döredip biljek hereketlerine garşy durmaga çagyrdy.

Çarşenbe güni Gazagystanyň Milli howpsuzlyk maslahatynda eden çykyşynda Nazarbaýew internete we sosial ulgamlaryna salgy berip “ýurduň konstitusional düzgüni, garaşsyzlygy we territorial bütewiligi täze destruktiw, ýagny ýykyjy täsirleriň astyndadyr” diýip aýtdy. Nazarbaýew “täsir etmek üçin usullaryň we informasion tehnologiýalaryň şu günler özgerendigini” belledi.

Nazarbaýewiň bu çykyşy Ukrainanyň awtonom Krym respublikasynda Orsýete we Ukraina tarapdar we bir-birine garşy çykyş edýän toparlaryň arasynda dartgynlylygyň dowam edýän wagtynda edildi.

Ukrainadaky krizis Gazagystanda, aýratynam ýurduň demirgazygynda Orsýete tarapdar duýgulary güýçlendirdi. Orsýetiň oppozision wekili Eduard Limonow we “Orsýetiň liberal demokratik partiýasynyň” lideri Wladimir Žirinowskiý Gazagystany we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryny Orsýet Federasiýasynyň subýektine öwürmek teklibini köpçülikleýin öňe sürdüler.
XS
SM
MD
LG