Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Geýlere garşy protest geçirilýär


Gyrgyzystanda geýlere garşy çykyş edýän aktiwistleriň onlarçasy ABŞ-nyň Bişkekdäki ilçihanasynyň öňünde penşenbe güni piket geçirýärler. Demonstrantlar Gyrgyzystanda geýleriň hak-hukuklaryny goraýan ady belli aktiwist Ilýa Lukaşyň suratyny oda berdiler.

Aktiwistler Lukaşyň we beýlekileriň “gyrgyzlaryň adaty maşgala gymmatlyklaryna” zeper ýetirýändigini we daşary ýurtly guramalardan pul alyp gomoseksuallygy propaganda edýändigini aýtdylar. Lukaş häkimiýetlere açyk ýüzlenip gyrgyz häkimiýetlerini gomoseksuallaryň hukuklaryny goramaga we ýurtda giňden ýaýran gyz alyp gaçmak hereketleriň öňüni almaga çagyrypdy.

Geçen aýda Gyrgyzystanyň baş müftisi wezipesini ýetrine ýetirýän Maksat Hajji Toktomuşew jynsy bir bolan adamlaryň arasynda seks gatnaşyklar babatynda din taýdan gadagançylyk girizipdi. Şeýle-de müfti adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasynyň hasabatyny tankyt edipdi.

Gurama gyrgyz polisiýasynyň geýlere basyş etmekde, urup-ýençmekde, tötänleýin tussag etmekde we seksual taýdan kemsitmekde aýyplady. Gyrgyzystanyň adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleri müftiniň çykaran permanyny konstitusiýa garşy diýip atlandyrdylar.
XS
SM
MD
LG