Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Krym parlamenti basylyp alyndy


 Oleksandr Turçinow, Garaşsyzlyk meýdany

Oleksandr Turçinow, Garaşsyzlyk meýdany

Ýaragly adamlaryň topary Krymdaky regional hökümetiň baş edarasyny we parlament binasyny basyp alyp, olaryň depesinde Orsýetiň baýdagyny dikeninden soň, Ukrainanyň iş başyndaky prezidenti halky asudalyga çagyryp çykyş etdi.

Oleksandr Turçinow penşenbe güni irden regionyň paýtagty Simferefoldaky binalaryň basylyp alynmagynda «harby lybasdaky jenaýatçylaryň» günäkärdigini aýtdy.

Ol Kyrymda Gara deňiz floty ýerleşýän Orsýete öz goşunlaryny bazalarynyň içinde saklamalydygy barada duýduryş berdi. Şeýle-de ol goşunlaryň islendik görnüşdäki hereketiniň harby agressiýa hasaplanjakdygyny aýtdy.

Ol binalary hakykatda kimleriň basyp alandygy bada-bat belli bolmady.

50 töweregi ýaragly adam

Krymyň premýer-ministri Anatoliý Mohilýow ol binalary 50 töweregi adamyň basyp alandygyny we hökümet işgärleriniň iş jaýlaryna girmeginiň öňüni kesendigini aýtdy.

Ol binalary eýelän ýaragly adamlaryň hiç bir talap etmändigini aýtdy, ýagny olar özlerine gepleşik geçirmäge ygtyýar berilmändigini aýdypdylar.

Binalaryň basylyp alynmagyna şaýat bolan Maksim bolan zatlar barada «Roýters» habar gullugyna şeýle gürrüň berdi:

"Häzirki pursatda içerde [parlament binasynyň içinde] nämeleriň bolýandygyny hiç kim bilmeýär. Biz diňe bu binanyň ele geçirilendigini gördük. Başda doly ýaraglanan 30 çemesi adam binanyň içine ylgap girdi. Olar binany ele geçirenlerinden soň ol ýerdäki polisiýany daşaryk çykaryp kowdular."


Parlament binasyny eýelän erkekleriň ýanyna baryp, olar bilen gürleşmek synanyşygyny eden žurnalistlere tarap uçgun granatlary zyňyldy.

Iş başyndaky içeri işler ministri Arsen Awakow polisiýanyň hüşgärlik ýagdaýyna getirilendigini aýtdy. Basylyp alnan binanyň töweregi gabsalyp, adam gelmez ýaly edildi.

Etniki ruslaryň hukuklary

Krymda, uly möçberde etniki ruslaryň ýaşaýandygy üçin, Moskwa tarapyndan goldanylýan prezident Wiktor Ýanukowiç iş başyndan çetleşdirileninden soň, bölünişik tendensiýalarynyň bolmagyndan alada edilýärdi.

Çarşenbe güni regional parlamentiň işiginde Orsýete tarapdar aktiwistler bilen Ukrainanyň täze liderlerini goldaýan etniki tatarlaryň arasynda tutluşyk boldy.

Orsýet Ukrainanyň täze häkimiýetleriniň kanuny durumyny sorag astyna aldy we Ukrainanyň gündogarynda hem günortasynda, şol sanda Kyrymda ýaşaýan rus dilli ilatyň hukuklarynyň bozulmaly däldigini duýdurdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi penşenbe güni Twitterde öz watandaşlarynyň hukuklaryny goramagy halkara arenasynda dowam etdirjekdigini we ol hukuklar bozulan ýagdaýynda berk we eglişiksiz reaksiýa bildirjekdigini aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin çarşenbe güni Orsýetiň günbatarynda, Ukraina bilen araçäklerde ýerleşýän rus goşunlaryny köpçülikleýin harby türgenleşikler üçin taýýarlyk ýagdaýyna getirdi.

Krymda bolup geçýän wakalar Ukrainadaky kanunçykarajylaryň Kiýewde täze hökümet üçin ses berjek gününe gabat geldi.

Täze hökümetiň düzümi çarşenbe güni agşam, Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdanyna toplanan müňlerçe adamyň öňünde yglan edildi.

Täze hökümete ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň ýakyn ýarany, geçiş premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk ýolbaşçylyk eder.
XS
SM
MD
LG