Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa raketa uçurdy


Demirgazyk Koreýanyň gysga distansiýa ýetýän dört sany raketasyny gündogar kenaryndan deňze atandygyny Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi aýtdy.

Günorta Koreýanyň mediasy ýurduň goranmak resmilerine salgylanmak bilen raketalaryň sişenbe güni agşam uçurylandygyny habar berdi. Raketalaryň 200 kilometrden geçýän uzaklyga ýetýändigi aýdylýar.

Demirgazyk Koreýa raketa synaglaryny yzygiderli geçirýär. Sişenbe günki bu hereketiň synag bolup-bolmandygy derhal mälim edilmedi. Munuň öňüsyrasynda Phenýan ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň bilelikdäki harby türgenleşiklerine protest bildirdi. Bu türgenleşikler şu hedede başlandy.
XS
SM
MD
LG