Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-ukrain gatnaşyklary: Aşgabatdan nämä garaşmaly?


Ukrainanyň Petrikiwka halk sungaty ansambly Aşgabatda çykyş etdi, aprel, 2013.

Ukrainanyň Petrikiwka halk sungaty ansambly Aşgabatda çykyş etdi, aprel, 2013.

Ukrainada üç aýa golaý dowam eden halk protestleri ahyrynda prezident Wiktor Ýanukowiçiň Orsýete tarapdar hökümetiniň synyp, irki prezident saýlawlarynyň bellenmegine we täze hökümetiň düzülmegine getirdi.

Bu ýagdaý, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Ukrainanyň demokratiki gymmatlyklar boýunça täze bir derejä göteriljegini, ukrain halkynyň bolsa, hakykatdanam azatlyk, kanunçylyk şertlerinde öňe gitjegini çaklamaga esas döredýär.

Ýöne bu wakalara resmi Aşgabadyň nähili garaýandygy barada bir zat aýtmak kyn. Sebäbi, Kiýewde prezident W.Ýanukowiçiň hökümetine garşy üç aýa golaý dowam eden halk protestleri barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda hiç zat aýdylmady.

Mälim bolşy ýaly, Ukrainada on üç müňden gowrak türkmen studenti okaýar. Azatlyga gelip gowşan habarlara görä, çagalary Ukrainada okaýan türkmenistanlylar öz ogul-gyzlary barada alada galýarlar. Sebäbi olar öz çagalarynyň Oş wakalary döwründe Gyrgyzystanda okan studentleriň uçran kynçylyklaryna uçramagyndan howatyr edýärler.

Mundan başga, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda hökümet derejesinde hem gowy hyzmatdaşlyk bar, ukrain firmalary Türkmenistanda işleýär we hatda golaýda prezident G.Berdimuhamedow olaryň Aşgabatda metro gurmak mümkinçiligini öwrenmegini hem haýyş etdi.

Eýsem Kiýewde bolan hökümet çalşygyndan soň türkmen-ukrain gatnaşyklary nähili bolar?

Bu waka Ukrainada okaýan türkmen studentleriniň geljegine nähili täsir ýetirer?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar. Pikirleriňize, bellikleriňize garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG