Sepleriň elýeterliligi

logo-print
Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bir jelephananyň üsti açylanda, onda jelepçilik bilen meşgullanan dört sany türkmenistanly gyz hem ele salyndy diýip, Russiýanyň habar serişdelerinde maglumat peýda boldy.

"Topspb.tv" habar portalynda ýerleşdirilen maglumatda gürrüňi gidýän jelephananyň Newskiý prospektiniň “abraýly” ýaşaýyş jaýlarynyň birinde ornaşandygy we ençeme aýlap iş alyp barandygy bellenilýär.

Jaýyň ýaşaýjylary dowamly goh-galmagaldan we nätanyş adamlaryň gelim-gidiminden soňra, polisiýa şikaýat bilen ýüz tutýarlar. Merkezi polisiýa bölüminiň reýdi netijesinde, “orta girdejili müşderiler üçin niýetlenen” jelephanada bäş, şol sanda dört sany türkmenistanly loly hem saklanylýar.

Bu maglumaty ýaýradan habar gullugynyň taýýarlan wideosynda ýüzüni kameradan gizlejek bolýan gyzlaryň, şeýle-de jelephanada tapyldy diýilýän Türkmenistanyň daşary ýurt pasportlarynyň şekilleri hem görkezilýär.

Gürrüň gidýän türkmenistanly gyzlaryň sözlerine salgylanyp berilýän maglumata görä, olary bu işe baş goşmaga hiç kim mejbur etmändir, olar jelepçilik bilen meýletin meşgullanýarlar. Gyzlar “gazanan” pullaryny Türkmenistandaky öýlerine, maşgala agzalaryna ýollaýandyklaryny hem gürrüň beripdirler.

Habar berlişine görä, jelephanada ele salnan gyzlara jerime tölediler, daşary ýurtly, ýagny türkmenistanly gyzlar, üstesine-de, öz ýurduna deportasiýa-da edilerler.

Bu iş bilen baglylykda “jelepçiligi ýola goýmak” maddasy boýunça jenaýat işiniň gozgalandygy hem nygtalýar.

Türkmenistanly gyzlaryň daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede, Birleşen Arap Emirliklerinde, Hindistanda we beýleki ýerlerde jelepçilik bilen meşgullanyp tutulandyklary barada mundan öň hem dürli maglumatlar peýda bolupdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG