Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň wadalary ýerine ýetirilýärmi?


G.Berdimuhamedowyň Toý zalyndaky portreti
G.Berdimuhamedowyň Toý zalyndaky portreti
G.Berdimuhamedow 7 ýyl mundan öň özüniň demokratik, adalatly döwletiň prezidenti bolmak isleýändigini aýdypdy.

Ol «ilat üçin iş ýerlerini döretmek meniň baş aladalarymyň biri bolar», «biz uly-uly zawod-fabrikleri gurmak bilen birlikde, bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän orta we kiçi kärhanalary döretmäge, hususyýetçiligi goldamaga, aýlyk, pensiýa, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bereris» diýipdi.

Şeýle-de ol internet we aragatnaşygyň täze tehnologiýalary her bir raýat üçin elýeterli bolmaly diýipdi, bilim pudagynda özgertmeleriň geçiriljegini, bilimli ýaşlary ýetişdirmegiň ýola goýuljagyny, türkmen ýaşlaryna berilýän bilimiň dünýä ýüzünde ykrar edilmegini gazanmagy wada beripdi.

Eýsem Berdimuhamedowyň prezidentlik eden ýedi ýylynda şu we beýleki wadalar nähili ýerine ýetirildi? Bu baradaky söhbeti diňläp, pikir-bellikleriňizi aýdyň.

XS
SM
MD
LG