Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Harkowyň iki ýüzi


Ukraina: Orsýete we Ýewropa tarapdar adamlaryň üýşmeleňi

Ukraina: Orsýete we Ýewropa tarapdar adamlaryň üýşmeleňi

Ukrainanyň Harkow şäheriniň ýaşaýjylary rus dilinde gepleýän adamlaryň hukuklarynyň kemsidilmeginden aladalanýarlar.

Bir döwürlerde Sowet Ukrainasynyň paýtagty bolan bu şäheriň halkynyň aglaba bölegi Moskwany goldaýar. Muňa garamazdan, şäherde ýewromaýdançylar hem bar. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Tom Balmfort iki tarap bilen hem gürrüňdeş boldy.

Elleri dürreli, ýüzleri maskaly Ýewromaýdanyň tarapdarlary birnäçe günläp Harkowyň administratiw dolandyryş binasyny gabawda sakladylar. Olar häkimlikdäki “korrumpirlenen resmileriň” wezipeden el çekmeklerini talap etdiler.

Şäheriň esasy skwerini eýelän birnäçe ýüz sany “orsparazlar” hem öz gezeginde ýewromaýdançylara “deýýuslar, faşistler” diýip, kemsidiji sözleri aýtdylar.

Gürrüňi edilýän “orsparazlar” Sowet Soýuzynyň düýbüni tutujy Wladimir Iliç Leniniň heýkeliniň düýbünde, hamana, ony ýewromaýdançylaryň ýykgynçylygyndan goraýarys diýip, şol ýerde ýatyp-turýarlar diýseňem boljak.

Galyberse-de, olar şäheriň merkezinde “buýsanç” bilen rus baýdagyny al-asmanda pasyrdadyp, Wladimir Wysotskiden hem-de Perestroýka döwrüniň rus aýdym-sazlaryny “sena” ýaly ýaňlandyrdylar.

Ukrainada rus dilinde gepleýän adamlaryň Ýanukowiçiň režiminiň ýykylmagyna nähili reaksiýa görkezýändiklerine göz ýetirmek üçin Harkowdan käbir mysallary getirmek has ýerlikli bolar. Ukrainanyň senagat pudagynyň merkezi hasaplanýan Harkow 1917-nji ýylda Ukrainada bolşewistik rewolýusiýany kabul eden ilkinji şäherdir.

"Moskwaçylyk"

Şäheriň binagärçilik binýady stalinçi äheňde bolup, bu ýerde rus dili örän uly meşhurlyga eýe. Öz döwründe Sowet Ukrainasynyň paýtagty bolan Harkowyň halkynyň “moskwaçydygyny” aç-açan görmek bolýar. Şonuň üçinem ýurduň häzirki paýtagtynda bolup geçen gandöküşikli režim çalşygyny bu taýda oňlap baranoklar.

68 ýaşly pensioner Walentina Morder ýaly käbir ukrainalylar oppozisiýanyň erkine geçen parlament rus dilinde gepleýän adamlaryň hukuklaryny kemsider diýip aladalanýarlar:

“Her kimiň öz çagalykdan öwrenen ene dilinde geplemäge hukugy bolmaly. Meniň ejem rus dilinde aýdym aýdardy. Ol bu ýurtda uruşdan öňem, ondan soňam işledi. Men bu ýerde 40 ýyldan bäri işläp gelýärin. Näme üçin men kimdir biriniň görkezmesi bilen ýaşamaly?”

Parlament azlyklaryň ulanýan dilleriniň resmi statusyny ýatyrdy. Bu ýagdaý hem Harkow ýaly şäherlerde esasan rus dilinde gepleşýän raýatlary biynjalyk etdi.
Ýöne Harkowda täze hökümeti goldaýan ýewromaýdançylaram bar.

Korrupsiýadan ýadawlyk

Daşky gurşawa zyýansyz ýangyç kompaniýasynyň iş dolandyryjysy, 33 ýaşly Artýom tutuş ýurtda ýaýbaňlanan korrupsiýadan halys ýadandygyny aýdýar.

Familiýasyny aýtmakdan saklanan Artýom Ýanukowiçe garşy geçirilen protest çärelerine gatnaşandygyny we täze hökümeti goldaýandygyny aýdýar:

“Men gelejege umytly garaýan. Adamlar öňi-soňy barybir hemme zada düşünerler. Ýagdaýa her kimiň göz ýetirmegi zerur däl. Ýöne Harkowda halkyň esasy bölegi jebisleşip, agzybirlikde nämeleriň bolup geçýändigine düşünmeli”.

Ylmy-barlag işlerini geçirýän 28 ýaşly Roman hem hiç haçan Ýanukowiçi goldamandygyny aýdýar. Ýöne ol geçirilen protestlerdäki dartgynly ýagdaýlardan nägiledigini öz sözlerinde belleýär.

Gapma-garşylyk

25-nji fewral güni agşamara barrikadalaryň iki tarapynda-da adamlar köpelip ugrady. Polisiýa taýýarlykly ýagdaýda garaşýar. Anti-maýdan protestçileri-de häkimlik binasynyň edil garşysynda hatar gurap, boljak zatlara garaşýarlar.

Anti-maýdançylar “Orsýet, Orsýet!” diýip gygyryşýarlar we häkimlik binasyndaky maýdançy aktiwistlere ýaşyl lazer tutýarlar. Maýdançylar hem “Ukraina, Ukraina” diýen şygar bilen jogap gaýtarýarlar.

22-nji fewral güni maýdançylardan düzülen gorag topary welaýat häkimligini eýeläni bäri şeýle hadysalar gaýtalanyp gelýär.

Olar häkimlik binasyna zyýan ýetirmejekdiklerini söz berdiler ýöne Ýanukowiçiň ýaranlary bolan Harkowyň häkimi Gennadiý Kernes we Dobkin wezipelerinden el çekýänçäler, binany terk etmejekdiklerini aýtdylar.

2004-nji ýylyň Konstitusiýasynyň täzeden kabul edilmegi bilen Dobkin öz-özünden işden çetledileni bolýar, ýöne Kernesiň halk tarapyndan saýlanandygy sebäpli ol 2015-nji ýyla çenli kürsüde galmaly.

Polisiýa gullukçylary häkimlik binasynyň daşynda hüşgär ýagdaýda garaşýarlar. Ýöne olar “bitaraplygy” saklaýarlar.

Ýanukowiçe garşy üç aýlap dowam eden protest çärelerine gatnaşan aşa milletçi sagçylar häkimlik binasynyň 1-nji gatynda ýerleşipdirler.

Göreş anty

30 ýaşly, gulakjynly Witaliý penjireden daşaryk garap, ýerlilere gaharly seredýär. Ol “parahorluk nägehany” sebäpli öz telefon ussahanasynyň ýapylandygyny aýdýar. Ol hem beýlekiler ýaly, tä ýerli häkimiýetler wezipeden el çekýänçeler göreşjekdigine ant içýär:

“Haçan-da şular wezipeden el çekseler, biz hem binany terk ederis. Bular binany bize resmi ýagdaýda tabşyrdylar. Biz binany basyp almadyk. Biz bu ýere kürsäp girmedik. Bize ilkinji günden bäri bu ýere girmäge rugsat berildi. Şeýle-de ilkinji günden bäri bize hüjüm edýärler”.

Käbir adamlar Harkowda islendik býurokratiki işiň parasyz bitmeýänliginden gaty nägilediklerini aýdýarlar. Mysal üçin, sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin 200 amerikan dollaryny para hökmünde bermeli ekeni.

Morder ýaly rus dilinde gepleýän adamlar üçin Günbatar bilen ilteşikli partiýalaryň ýurtda rowaçlanmagy ynjalyksyzlyk döredýär. Ol 2010-njy ýylda näme üçin Ýanukowiçe ses berendigi barada şeýle gürrüň berýär:

“Ýanukowiçiň eden işlerine ýa-da başgalaryň eden işlerine garşy hiç hili arza-şikaýatym ýok. Biz haçan-da Ýanukowiçe ses berenimizde, aslynda, oňa ses bermändik. Biz diňe “günbatarlylaryň” garşysyna ses beripdik. Biz ýurtda şeýle dartgynlylygyň bolmagyny islemändik. Ahyr netijede biz mamla bolup çykdyk. Ne mende, ne sende, ne-de geçip barýan hol aýalda dürre bar”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG