Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ Orsýete duýduryş berýär


ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel ABŞ Orsýetiň Ukrainanyň serhedine ýakyn ýerde geçirýän harby türgenleşiklerine “üns bilen syn edýändigini” aýtdy.

Penşenbe güni Brusselde NATO-nyň edarasynda çykyş edip, Hagel Moskwany geçirýän harby türgenleşikleri barada açyk bolmaga we nädogry düşünip boljak islendik ädimlerden saklanmaga çagyrdy.

Hagel Waşingtonyň ähli ýurtlaryň, şol sanda Orsýetiň Ukrainanyň garaşsyzlygyna hormat goýmagyna we prowokasiýalardan saklanmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Orsýetiň resmilerine görä, geçirilýän harby türgenleşiklere 150 müňe golaý harby, 900 tank we uçarlaryň hem harby gämileriň ençemesi gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG