Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-owgan serhedinde 3 türkmen esgeri öldürilipdir


“Talyban” hereketiniň söweşijileriniň hüjümi netijesinde Türkmenistanyň azyndan üç serhetçisiniň wepat bolandygyny Badhyz welaýatynyň resmisine salgylanyp “Khaama Press” Internet neşri habar berýär.

Maglumatda bu wakanyň çarşenbe gije Owganystanyň Badhyz welaýatynyň Mogor etrabynda bolandygy aýdylýar. Owgan habar çeşmelerine görä, welaýatyň häkiminiň metbugat-wekili Mirwais Mirzahwal türkmen serhetçileriniň Türkmenistanyň Owganystan bilen umumy serhedinde gözegçilik geçirende “Talybanyň” söweşijileri tarapyndan atylyp öldürilendigini aýdypdyr.

“Talybanyň” söweşijileriniň Türkmenistanyň giňişligine girip serhetçilere garşy ot açandygyny we üç serhetçini öldürendigini Mirwais Mirzahwala salgylanyp “Khaama Press” Internet neşri ýazýar we Türkmenistanyň Owganystanyň günbataryndaky konsulhanasynyň resmileriniň bu maglumaty tassyklandygyny belleýär.
XS
SM
MD
LG