Sepleriň elýeterliligi

Gitleriň goly goýlan neşirler satyldy


Adolf Gitleriň “Mein Kampf” eseriniň öz goly goýlan kopiýalary Los Angelesde auksionda 64850 amerikan dollaryna satyldy. “The Nate D.Sanders” auksion öýi eserleri 11 adamyň satyn almakçy bolandygyny aýtdy we kitaby satyn alan adamyň öz adynyň mälim edilmegini islemändigini habar berdi.

Gitleriň Germaniýanyň SS goşunynyň ofiseri üçin gol çeken kitaplary iki ýyl mundan ozal 25 müň amerikan dollaryna Londonyň auksionynda satylypdy.

Gitler “Mein Kampf” ýagny “meniň göreşim” atly kitabynda özüniň anti-semitik duýgylarynyň nädip güýçlenendigini we özüniň nädip harbylaşandygyny gürrüň berýär we Birinji Jahan urşundan soňky Germaniýany dikeltmek boýunça öz garaýyşyny öňe sürýär. Kitap 1925-26-njy ýyllarda çap bolupdy. Bu kitaba eýe bolmak ençeme ýurtda, şol sanda Orsýetde gadagan edilýär.

Şeýle-de ýokary wezipeli Nazi resmisi Albert Speeriň penjegi hem auksiona çykaryldy we 11 müň amerikan dollaryna satyldy.
XS
SM
MD
LG