Sepleriň elýeterliligi

Türkmen aktiwistleri Wenada piket geçirdiler


 Hofburg köşgi, Wena

Hofburg köşgi, Wena

27-nji fewralda Wenada ÝHHG-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisi boldy we oňa Türkmenistanyň daşary işleri ministri Reşit Meredow hem gatnaşdy.

Türkmen aktiwistleri bu mejlisiň geçýän binasynyň öňünde piket geçirip, Türkmenistanda syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap etdiler.

Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu piketiň guramaçylarynyň biri, adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy F.Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Farid, siz 27-nji fewralda, ÝHHG-nyň Wenadaky hemişelik geňeşiniň geçýän ýerinde, Hofburg köşgüniň öňünde, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň bu ýere gelmegine gabat piket gurapsyňyz. Bu piketi nähili guradyňyz we ondan maksat nämedi, ýagny siz nämeleri talap etdiňiz?

Farid Tuhbatullin: Biz birki hepde öň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Wena geljegini bildik. Mälim bolşy ýaly, biziň Türkmenistanyň hökümetine köp nägileligimiz bar, sebäbi olar ýurtda esasy adam hukuklaryny bozup gelýärler. Onsoň biz şu pursatdan peýdalanyp, daşary işler ministri gelýän bolsa, onuň üsti bilen Türkmenistanyň hökümetine öz pikirlerimizi aýtmaly diýen karara geldik.

Biziň guramamyz bu piketi geçirmek üçin ÝHHG-nyň kongresiniň geçýän köşgüniň agzyndan ýer sorady. Bize ol ýerde on adamyň gatnaşmagynda piket geçirmäge rugsat berdiler, ýagny şondan kän adam ýygnamaň diýdiler we biz munuň bilen ylalaşdyk.

Biziň esasy talaplarymyz syýasy tussaglary azat etmek, amatsyz hasaplanýan adamlary gara sanawa salyp, olaryň ýurt içindäki hem daşyndaky hereketlerini çäklendirmek praktikasyny ulanmagy bes etmek barada boldy. Şeýle-de biz Türkmenistanda bolmanda elementar demokratiýany ornaşdyrmagy talap etdik.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Hofburg köşgüne, halkara kongresiň geçýän binasyna gelip girende, biziň aktiwistlerimiz onuň öňünde şu talaplaryň ýazylan plakatlaryny göterip durdylar.

Azatlyk Radiosy: Farid, bu piket nähili reaksiýa döretdi, onuň mümkin bolan täsirleri barada bir zat aýdyp biljekmi?

Farrid Tuhbatullin: Piketiň geçirilmegi beýleki ýurtlaryň diplomatlarynyň ünsüni özüne çekdi. Olar ýanymyza gelip, biziň näme isleýändigimiz bilen gyzyklandylar. Biz olara öz talaplarymyzy gowşurdyk. Mundan başga, biz beýleki kanallar arkaly hem öz talaplarymyzy öňe sürdük. Mysal üçin, biz Birleşen Ştatlaryň, Belgiýanyň ÝHHG-daky wekilleri bilen görşüp durýarys we olar biziň talaplarymyzdan habarly.

Netijede biz olar düýnem, şu günem Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝHHG-nyň delegasiýalary bilen duşuşanda, şeýle-de düýn bolan duşuşykda adam hukuklaryna degişli soraglary hem berendirler diýip umyt edýäris.

Ýene bir aýtmaly zat, bar bolan maglumatlara görä, biziň beýleki hukuk toparlaryndaky kärdeşlerimiz, ýagny “Hýuman raýts wotç”, “Amnesti interneşnl” ýaly guramalar hem Türkmenistanyň hökümetine gowşurmak üçin ýörite hat taýýarladylar. Şeýdip biz özümize elýeterli bolan halkara mehanizmlerini peýdalandyk we onuň netijelerini biraz wagt geçenden soň bilip bileris diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Farid, siz başga ýurtlaryň diplomatlarynyň türkmen aktiwistleriniň talaplary bilen gyzyklanandygyny aýtdyňyz. Eýsem türkmen wekilleri siziň talaplaryňyz bilen gyzyklandylarmy? Umuman, bu piket Türkmenistanyň wekillerine nähili täsir etdi?

Farid Tuhbatullin: Hakykatda ilki Türkmenistanyň ilçihanasynyň delegasiýasy geldi. Olar biziň piket gurandygymyzy diňe şu ýere gelenlerinde, bizi görenlerinde bilip galan bolarly we bu ýagdaý olary, görnüşinden, gaty gorkuzdy. Ýagny olaryň bolşundan bu piketden örän biynjalyk bolandyklaryny aňmak bolýardy. Onsoň olar derrew jaýyň içine girip gitdiler, biz bilen hiç hili aragatnaşyga girmediler. Şondan biraz wagt soň, howpsuzlyk gulluklary Türkmenistanyň bu ýere gelen daşary işler ministrini tas konwoý astynda diýen ýaly mejlisiň geçýän jaýyna saldylar. Ýagny bizde oňa göni ýüzlenmäge hiç hili mümkinçilik bolmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG