Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalna öý tussaglygy berildi


Moskwanyň sudy Kremliň açyk tankytçysy bolan Alekseý Nawalnyny iki aýlyk öý tussaglygyna höküm etdi. Nawalna interneti ulanmak we media serişdeleri bilen gepleşmek gadagan edilýär.

Anna güni Moskwanyň Basmannyý etrap sudy ogurlyk we bikanun pullary ýuwmak bilen bagly aýyplamalaryň esasynda Nawalnynyň özüne we dogany Olege garşy derňewler alnyp barylýarka derňewçileriň ony 28-nji aprele çenli öý tussaglygynda saklamak boýunça eden talabyny kanagatlandyrdy.

Sud öz kararyny Nawalnynyň suduň çykaran özalky hökümini berjaý etmändigi bilen delillendirdi.

Nawalna öň Moskwany terk etmek gadagan edilipdi. Korrupsiýa garşy çykyş edýän we Putini tankytlaýan bloger Aleksený Nawalnyý ogurlyk bilen bagly aýyplamalaryň esasynda bäş ýyllyk şertli tussaglygy başdan geçirýär. Nawalnyý özüne garşy aýyplamalary Kremliň ar almak çäresi diýip atlandyrýar. Sişenbe güni Nawalnyý ýörişde tussag edilende garşylyk görkezendigi sebäpli indiki hepdäniň duşenbe gününe çenli tussag astyna alnypdy.
XS
SM
MD
LG