Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Adam hukuklary alada döredýär


Owganystanyň adam hukuklary boýunça garaşsyz komissiýasy ýurtda adam hukuklarynyň NATO-nyň goşunlarynyň çykarylmagyndan soňky ýagdaýyna aladalanma bildirdi.

Komissiýanyň metbugat-wekili Rafiullah Beidar anna güni AÝ/AR bilen söhbetdeş bolup, Owganystan ABŞ bilen Ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşygyna gol çekmese Owganystanda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň örän ähtimaldygyny aýtdy.

2012-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri diskussiýa döredýän Ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşygy NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky harby missiýanyň aglaba böleginiň şu ýylyň aýagyna çenli ýurtdan çekilmeginden soň Kabul bilen Waşingtonyň arasyndaky hyzmatdaşlygy kesgitlemegi göz öňünde tutýar.

Owganystanyň we ABŞ-nyň resmileri 2014-nji ýyldan soň Owganystanda galmagy göz öňünde tutulýan amerikan harbylarynyň sanyna degişli we parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere “Talybanyň” gatnaşmagy ýaly meseleler ugrunda bar bolan gapma-garşylyklary çözmäge synanyşýarlar.
XS
SM
MD
LG