Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistany “awtoritar hökümet” dolandyrýar


Türkmenistanyň prezidentiniň köşgi. Aşgabat
Türkmenistanyň prezidentiniň köşgi. Aşgabat
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýaýradan täze hasabatynda bellenmegine görä, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurduň dünýewi demokratiýa uýýan ýurtdygy we prezident respublikasydygy öňe sürülse-de, ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we agalyk ediji "Demokratik partiýanyň" gözegçiligindäki awtoritar hökümet tarapyndan dolandyrylýandygy aýdylýar.

Döwlet departamentiniň penşenbe güni ýaýradylan Adam hukuklary boýunça ýyllyk hasabatynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň fewralynda täzeden prezidentlige saýlanylmagyna hem üns çekilipdir. Onda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiýa institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň (OSCE ODIHR) beren bahasyna salgylanylyp şeýle netijä gelinýär. Ýagny, şol wagt, syýasy alternatiwlaryň iş ýüzünde mümkinçilikleriniň diýseň çäkli bolandygy nygtalýar.

Hukuk bozmalar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndaky adam hukuklaryna syn berýän bu hasabatda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagy meseleleri aglaba üç ugur boýunça häsiýetlenndirilýär. Olar: delilsiz, esassyz tussag etmeler; gynamalar; we jemgyýetçiligiň erkinliklerini, şol sanda söz, metbugat, ýygnanyşmak we hereket azatlyklaryny äsgermezlik.

Hasabatda Türkmenistanda yzygiderli dowam edip gelýän beýleki hukuk bozmalaryň sanawy hem getirilipdir. Olaryň arasynda raýatlaryň hökümeti täzelemek mümkinçilikleriniň çäkliligi; adamlaryň dini ynançlaryny berjaý etmegine goşulmak; raýatlaryň şahsy durmuşyna, öýüne we hat alşygyna bikanun goşulmak; aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyndan çetleşdirilmegi we zorluklara sezewar edilmegi; işçileriň erkin ýygnanyşmak hukuklarynyň çäklendirmeleri ýaly maddalar hem sanalyp geçilýär.

Raportda resmileriň howpsuzlyk güýçlerini doly kontollygynda saklaýandygy, şeýle-de olaryň adam hukuklaryny bozmalaryny amala aşyrýandygy-da nygtalýar.

Howpsuzlyk güýçleriniň, şeýle-de hökümetiň düzümindäki islendik resminiň edýän bikanun hereketleri temmisiz, jezasyz galýar. Gysgaça aýdanyňda, Türkmenistanda adam hukuklaryny bozandygy üçin häzire çenli haýsydyr bir resminiň jogapkärçilige çekilendigi barada hiç hili maglumat ýok.

27-nji fewralda ýaýradylan bu hasabat bütin dünýäde Adam hukuklarynyň ählumumy deklarasiýasynyň jar edilmeginiň 65 ýyllygy bellenilýän döwre gabat geldi. Hasabatda bellenilişine görä, dünýä halklarynyň üçden bir böleginden hem köprägi häzire çenli-de awtoritar häkimiýetleriň golastynda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG