Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýa: Ýanukowiç derňelýär


Şweýsariýanyň prokurorlary Ukrainanyň häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň we onuň ogly Oleksandryň bikanun pullary ýuwmagy bilen bagly aýyplamalaryň esasynda jenaýat işini gozgady.

Prokuror Ywes Bertossa we polisiýa Oleksandr Ýanukowiçiň eýeçiligindäki kompaniýada barlag geçirdiler we dokumentleri ele saldylar.

Anna güni Şweýsariýanyň hökümeti 20 ukrainalynyň, şol sanda Ýanukowiçiň we onuň oglunyň hasaplarynyň doňdurylandygyny aýtdy. Şeýle-de anna güni Awstriýanyň hökümeti adam hukuklaryny depelemekde we korrupsiýa baş goşmakda güman edilýän 18 ukrainalynyň hasaplaryny doňdurandygyny habar berdi. Agzalan adamlaryň atlary mälim edilmedi.

Geçen hepdede Ýewropa Bileleşigi Ukrainada hökümete garşy protestlerde güýç ulanylmagyna baş goşanlara garşy syýahatçylyk gadagançylygyny girizmek we olaryň hasaplaryny doňdurmak ýaly çäreleri amala aşyrmak kararyna geldi.

Ukrainanyň prokurory Kiýewiň Orsýetden Ýanukowiçi öz ýurduna ekstradisiýa etmegi sorandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG