Sepleriň elýeterliligi

Hajy Molla Kerim: "Talyban" türkmen serhedine ýakynlady"


"Talyban" söweşijisi

"Talyban" söweşijisi

Türkmenistanyň üç serhetçisiniň "Talyban" hereketiniň agzalary tarapyndan atylyp öldürilmegi baradaky wakanyň bolan ýerinden sähelçe uzakda ýerleşýän Marçak obasynyň ýaşaýjylary hem indi ep-esli wagtdan bäri "Talyban" hereketiniň agzalarynyň çäkli gabawy astynda ýaşaýarlar.

Bu owgan obasynyň ýaşaýjylarynyň aglabasy etniki türkmenlerden ybarat bolup, oba bilen Türkmenistanyň arasynda bolsa diňe Murgap derýasy bar.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Marçak obasynyň ýaşulularyndan Hajy Molla Kerim bilen hem söhbetdeş bolup, obadaky ýagdaýlar, "Talybanyň" salýan wehimi dogrusynda gürrüň etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG